ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNYŇ BELLENILMEGINE BAGYŞLANAN ÇÄRELER GEÇIRILÝÄR

photo

Türkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan hem-de biziň ýurdumyzda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň geçirilmegi dowam edýär.

2020-nji ýylyň 31-nji martyndan başlap jemgyýetçilik ulaglary, ýagny Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäheriniň awtobuslary, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan bannerler bilen bezeldi. Mundan başga-da ýerli gazetlerde we internet saýtlarynda şu ýylda ähmiýetli taryhy senäniň dabaraly bellenilmegi bilen birlikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini giňişleýin açyp görkezýän makalalar hem çap edilýär.

https://neutrality.gov.tm/news/53/