TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ «ZENAN KALBY» ORDENI BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Bitarap döwletimiziň her güni zähmet ýeňişleri bilen şöhratlanýar. Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Alnyp barylýan bu beýik işlere zähmetsöýer zenanlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekip, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny...
TÜRKMENISTANYŇ «HORMATLY IL ÝAŞULUSY» DIÝEN ADYNY DAKMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Ykdysady taýdan ýokary netijeleri gazanýan berkarar Watanymyz Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylap, bu gün beýik ýeňişleredir guwandyryjy wakalara beslenýär. Agzybirligiň, ruhubelentligiň we bagtyýar durmuşyň mekany bolan eziz Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan ýokary üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri, dost-doganlyk, parahatçylyk kadalaryna esaslanýan hoşniýetli, bitaraplyk daşary syýasaty bilen halkara derejesinde uly abraý gazanýar. Ga...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWA TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY DIÝEN ADY DAKYLDY
Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak dabarasy geçirildi. Dabaraly ýagdaýda ýurdumyzyň milli parlamentiniň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň «Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda» Karary okady. Resminama laýyklykda, döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň milli garaşsyzlyk esaslaryny, Bitarapl...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ ÝURDUMYZYŇ OBA HOJALYGYNYŇ ÖZGERÝÄNDIGINI BELLEDI
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ýurdumyzyň oba hojalygynyň özgerýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, şu ýyl pudakda 1 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdiriler. «Häzirki döwürde ähli hojalyklarda gara mallaryň baş sany 2 million 530 müňe, dowarlaryň sany 20 million 88 müňe, guşlaryň sany 21 million 957 müňe, düýeleriň sany hem 141 müňe ýetirildi» diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy Hor...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ ARKADAG ŞÄHERINI 2024 – 2052-NJI ÝYLLARDA ÖSDÜRMEGIŇ KONSEPSIÝASYNY TAÝÝARLAMAGY MAKSADALAÝYK HASAPLAÝANDYGYNY BELLEDI
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, bilim we saglyk edaralary, söwda-dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup, ulanmaga berildi. Arkadagly Serdarymyzyň aýdyşy...
ARKADAGLY SERDARYMYZ GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGINI NYGTADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda gurluşyk we senagat toplumynyň kämilleşdirilmegini nygtady. «Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Arkadagly Serdarymyzyň sözlerine görä, innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar şeýle hem ýurdumyzyň şäherlerin...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMYNYŇ ÖŇÜNDE ANYK MAKSATLARY GOÝDY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ýangyç-energetika toplumynyň öňünde anyk maksatlary goýdy. «Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlaryndan biridir» diýip, döwlet Baştutanymyz...