TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN UKRAIN HALKYNYŇ ÇAGALARY ÜÇIN YNSANPERWER KÖMEGINI IBERER
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň mart aýynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Ukraina muzdsuz bermek tabşyryldy. Ukrain halkynyň çagalary üçin bu ynsanperwer kömegi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat berm...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsüm...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ 33-SI HASABA ALYNDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, awtobenzini we uçar kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçilerine portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 39 million 900 mü...
EÝRANYŇ ILÇISI BILEN BOLAN DUŞUŞYK BARADA
Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji martynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibindäki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmak bilen, taraplar iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm ähmiý...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY ÝURTLARDAKY KONSULLYK EDARALARYNYŇ IŞI BARADA
Dünýädäki kyn epidemiologiki hem-de tebigy we tehniki adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli Türkmenistanyň diplomatik gullugy daşary ýurtlarda ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak üçin işjeň çäreleri amala aşyrdy we häzir hem dowam etdirýär. Mälim bolşy ýaly, COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli Türkmenistanyň ýüzlerçe raýaty watanynyň daşynda galmaga mejbur boldy. Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda bolmagy üçin amatly şertleri döretmek mak...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ PREMÝERINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Li Sýany Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellenilmegi bilen gutlady. “Biz Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýlan strategik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek üçin bar bolan uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek arkaly bilelikde tagalla etmäge taýýardygymyzy beýan edýärin” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär. Hormat...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ PREMÝERINI GUTLADY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Li Sýany Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellenilmegi mynasybetli gutlady. “Biz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berýäris. Türkmen-hytaý köpugurly hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde geljekde-de halklarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine berk ynanýaryn” diýlip, Türkmeni...