TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI MEDENIÝETIŇ HALKARA GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewi kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen mähirli salamlaşyp, Sultan Raýewi bu jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlady hem-de alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda medeniýet we sungat ugurl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, gowaça meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞENBEDE GEÇIRILEN AHHG-NYŇ MÜDIRIÝETINIŇ NOBATDAKY MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Duşenbe şäherinde Araly Halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärede Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Annageldi Ýazmyradow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň işine AHHG-nyň Müdiriýetiniň agzalary – Gazagystan Respublikasynyň Ekologiýa, geologiýa we tebigy serişdeler ministri Brekeşow S.A., Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary Ganiýew Ş.M., Täjigist...
OWGANYSTANYŇ FARÝAB WELAÝATYNYŇ GARAMGOL ETRABYNYŇ SAGLYK ÖÝÜNIŇ DURKUNYŇ DÜÝPLI ABATLANYLMAGY WE YNSANPERWER KÖMEGI BERILMEGI BILEN BAGLY GEÇIRILEN DABARALY ÇÄRE
2022-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazary-Şarif ş.) Baş konsullygyň gurnamagynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynda gurulyp, 2009-njy ýylyň awgust aýynda ulanyşa berilen Saglyk öýüniň durkunyň Türkmenistan tarapyndan düýpli abatlanyp berilmegi hem-de ynsanperwer kömegi hökmünde medisina enjamlaryň we derman serişdeleriň owgan tarapyna gowşurylmagy bilen bagly dabaraly resmi çäre geçirildi. Geçirilen...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi biziň hormatly kärdeşimiz Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Wladimir Wladimirowiç Makeýiň biwagt aradan çykmagy bilen bagly çuňňur gynanjyny bildirýär. Wladimir Wladimirowiç Belarusyň diplomatik gullugynyň ösdürilmegine öz ähmiýetli goşandyny goşdy, öz ýurdunyň daşary syýasatyny yzygiderli, pugta we esasly durmuşa geçirdi, onuň garaýyşlaryny we bähbitlerini halkara giňişliginde öňe sürdi. Ikitaraplaýyn türkmen-belarus däp bolan dostlukly...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY M.MÄMMEDOWANYŇ FRANSIÝA SAPARY
2022-nji ýylyň 23-26-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherinde gulluk saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Luwr muzeýinde “Ulug-Depe – Merkezi Aziýanyň biziň eramyzdan öňki taryhyny öwrenmek üçin iri merkezi” atly Ulug-Depede geçirilen bilelikdäki fransuz-türkmen arhelogiki missiýasynyň (МАФТУР) arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata 500 töwe...
ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA «TÜRKMENISTAN – ÝEWROPA BILELEŞIGI» DIALOGYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI BARADA
2022-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Adam hukuklary boýunça «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Dialogynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda, daşary işler, içeri işler, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň we ş.m. ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de Türkmenistany...