TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN WEKILIÝETI «MERKEZI AZIÝA - KOREÝA RESPUBLIKASY» IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ 3-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» formatynyň Işewürler geňeşiniň nobatdaky 3-nji mejlisine gatnaşdy. Bu mejlise şeýle hem, Koreýanyň halkara söwda Assosiasiýasynyň (KITA), Koreýanyň importýorlarynyň Assosiasiýasynyň (KOIMA), Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Söwda-sena...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE COP26-NYŇ SEBITLEÝIN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Aşgabada Howa boýunça ýaşlaryň maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen gelen COP26-nyň Ýewropada, Merkezi Aziýada, Türkiýede we Eýranda sebitleýin Ilçisi Dewid Moran bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygy ugurlarynda netijeli halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdyla...
TOPH GAZ GEÇIRIJI TASLAMASYNYŇ UGRY BOÝUNÇA OWGANYSTANDA TIGIRLI ÝÖRIŞ GEÇIREN HYRATLY WELOSIPEDÇILER BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 22-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygynda hyratly “DAWANDER” welosipedçiler topary bilen konsullygyň işgärleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda owgan tarapyna türkmen-owgan dostlugyny we TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýetini mahabatlandyrmaga gönükdirip Owganystanda geçiren tigirli ýöriş çäresi üçin minnetdarlyk bildirildi we sowgatlar berildi. Ýatlap geçsek, Hyradyň “DAWANDER” welosipedçiler topary şu ýylyň 9-15-nji oktýabry aralygynda,...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol işleriň ýagdaýy, hususan-da, pagta ýygymynyň dep...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlyk we abadançylyk, Awstriýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi. https:...
TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
?Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşigiň dowamynda ministrler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «MERKEZI AZIÝA - KOREÝA RESPUBLIKASY» 15-NJI HYZMATDAŞLYK FORUMYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynynyň 15-nji mejlisi geçirildi we oňa Koreýa Respublikasynyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary wezipeli wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Forumyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dürli ugurlar, şol sanda en...