TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TALYPLARYŇ ARASYNDA HER ÝYL GEÇIRILÝÄN OLIMPIADA GATNAŞJAKLAR HASABA ALYNÝAR
14-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda her ýyl geçirilýän olimpiada gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy. Tutuşlygyna alanyňda, bu ýokary okuw mekdebinde geçiriljek olimpiadada talyplar alty ders boýunça bäsleşerler. Olar : ykdysadyýet, filosofiýa, häzirki zaman türkmen jemgyýeti, iňlis, hytaý we italýan dilleri ugurlarydyr. Bu olimpiada gatnaşmaga ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň...
ÝUNISEF WE TÜRKMENISTAN ÇAGA HUKUKLARY BOÝUNÇA 2023-2028-NJI ÝYLLAR ÜÇIN MILLI MEÝILNAMANY TAÝÝARLAÝARLAR
11-nji oktýabrda ÝUNISEF Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde çaga hukuklary boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň täze Milli meýilnamasyny (HMM) taýýarlamak boýunça üç günlük geňeşmelere başlady. Täze meýilnama Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenilen ileri tutulýan milli ugurlar, şeýle hem öňki hereketleriň Milli meýilnamasyndan alnan esasy maslahatllaryň we öňdebaryjy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ "MERKEZI AZIÝA - RUSSIÝA" SAMMITINDÄKI ÖŇE SÜREN TEKLIPLERI WE BAŞLANGYÇLARY
2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa-Russiýa” Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda Merkezi Aziýa döwletreleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dürli möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy ýokary derejä çykarmaga gönükdirilen birnäçe teklipler we başlangyçlar öňe sürüldi. Şu günki duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň dünýä hem-de sebit gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ysnyşykly köpugurly hyzmat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “MERKEZI AZIÝA – RUSSIÝA” SAMMITINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda, günüň ikinji ýarymynda Astana şäherinde “Merkezi Aziýa – Russiýa” Sammiti geçirildi, onuň gün tertibine altytaraplaýyn görnüşde dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi bilen bagly meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirýän Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Kongres merkezinde Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Şu Sammitiň gün tertibi GDA-nyň giňişliginde ýakynlaşmagyň ähli ugurlaryna degişli möhüm meseleleri öz içine alýar. Şolar boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi onuň çäklerinde özara gatnaşyklaryň gurallarynyň kämilleşdirilmegini üpjün eder. Sammitiň dowamynda hyzmatdaşly...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BAE-NIŇ ENERGETIKA WE INFRASTRUKTURA MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Astana şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi we taraplaryň ozal gazanylan ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ygrarlydyklary nygtaldy. Taraplar şeýle hem ulag-logi...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZIÝADA ÖZARA HYZMATDAŞLYK WE YNAMY BERKITMEK ÇÄRELERI BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ (CICA) VI SAMMITINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Astana şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI Sammiti geçirildi. Onda Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Ýokary derejeli halkara sammitiň işine döwlet we hökümet baştutanlary, gatnaşyjy-ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri, ýolbaşçylary hem-de synçy döwletleriň, synçy halkara guramalaryň we hyzmatdaşlaryn...