TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, gazagystan tarapyna bolsa Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýe.Konuspaýew ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça pikir alşyldy we iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplom...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sanduwa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslan...
MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY
2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry – 1-nji oktaýbry aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň biwagt aradan çykmagy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän çäreler, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda pagta ýygymynyň depginini...
GDA GIŇIŞLIGINDE HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR
Russiýa döwlet federal habarlar agentligi TASS, şu ýylyň oktýabr aýynda GDA ýurtlaryndan foto habarçylary, noýabrda bolsa žurnalistler üçin maslahat geçirmegi göz öňünde tutýar. Bu barada GDA agza döwletleriň edaralarynyň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň Minskide geçirilen mejlisinde habar berildi. Bu mejlise Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazarguly Şagulyýew wekilçilik etdi. 2023- nji ýyl hem GDA ýurtlarynyň Döwlet habarlar agent...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere German bitewüliginiň güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda: “Biz Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip belläp, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna uly ynam bild...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LÝUKSEMBURGYŇ GERSOGYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Lýuksemburgyň Beýik Gersogy Genrihe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara yna...