RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Awg

TÜRKMEN DZÝUDOÇYLARY V YSLAM RAÝDAŞLYGY OÝUNLARYNDA ÜÇ BÜRÜNÇ MEDAL GAZANDYLAR

Türkiýäniň Konýa şäherinde türkmen türgenleri V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda dzýudo boýunça ýaryşlarda üç bürünç medal gazandylar. Maksatnamanyň şu görnüşinde gyzlaryň we erkekleriň agram derejeleriniň ýedisinde 36 ýurtdan 198 dzýudoçy 14 toplumda medallar ugrunda güýç synanyşdylar. Gyzlaryň bäsleşiginde Türkmenistanyň toparynda 63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden 20 ýaşly Zülhumar Daşgynowa üçünji orny eýeledi. Şu agramda Amina Belkadi (Alžir) çempion boldy. Seýma Ozerler (Tür...

DOWAMY
pic
18 Awg

BAKJA ÖNÜMLERINIŇ BOLÇULYGY DÖREDILÝÄR

Balkan welaýatynyň hasyl ussatlary ekin meýdanlaryndaky gawundyr garpyz hasylyny ýygnamak işlerini gowşamaýan depginlerde guramaçylykly dowam etdirýärler. Günbatar sebitiň Magtymguly etrabynyň bagbanlary nar, injir, hoz, Etrek etrabynyň bagbanlary bolsa zeýtun ýaly miweleri taýýarlamakda adygan bolsalar, Serdar, Bereket etraplarynyň daýhanlary bakja önümleriniň ençeme görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde baý iş tejribeler topladylar. Şu günlerde olaryň Garagum derýasynyň boýundaky ekerançyly...

DOWAMY
pic
18 Awg

ÜÇDEPE ÝAÝLASYNDAKY MIWELI BAGLAR

Daýhançylyk we bagbançylyk hem Marydaky «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň alyp barýan köpugurly telekeçilik işleriniň täze, uly bähbitleri nazarlaýan şahasyna öwrüldi. Kärhananyň telekeçileri medeni zonadan 80 kilometr çemesi uzaklykdaky Wekilbazar etrabynyň Üçdepe ýaýlasynda 12 gektarda banan we sitrus miwelerini ýetişdirmeklige niýetlenen ýyladyşhananyň gurluşygyna girişdiler. Gurluşyga başlanan meýdan «Miweli ülkäniň» Türkmenistanyň Prezidentimiziň «Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyn...

DOWAMY
pic
18 Awg

TÜRKMENISTANDA BIRINJI SYNP OKUWÇYLARYNA ŞAHSY KOMPÝUTERLER GOWŞURYLAR

Ýurdumyzda täze okuw ýylyna giň gerim bilen taýýarlyk görülýär. Mekdeplerde abatlaýyş işleri geçirildi. Käbir synp otaglaryna täze mebelller, partalar, oturgyçlar, multimediýa enjamlary alyndy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde mekdep bazarlary açylyp, , olarda okuw üçin zerur esbaplarynyň ählisini amatly bahadan satyn alyp bolýar. Däp bolşy ýaly täze okuw ýylynyň başynda birinji synpa gidýän körpeleriň müňlerçesine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ok...

DOWAMY
pic
18 Awg

AWAZADA ULAG ULGAMYNA DEGIŞLI HALKARA FORUMYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 17-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň “Berkarar” myhmanhanasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň hem-de oňa gabatlanyp guralan çäreleriň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» diýen ugur boýunça forum Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guraldy. Daşary işler ministrligi tara...

DOWAMY
pic
18 Awg

TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI A.ATAÝEWANYŇ WE ABŞ-NIŇ BMG-DÄKI HEMIŞELIK WEKILI L.TOMAS-GRINFILDIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewanyň ABŞ-niň BMG-däki Hemişelik wekili Linda Tomas-Grinfild bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda BMG-niň BA-nyň öňümizdäki 77-nji sessiýasy hem-de iki ýurduň BMG-de ileri tutýan ugurlary we BMG-däki özgertmeler bilen bagly meseleler boýunça netijeli pikir alşyldy. Türkmenistanyň Ilçisi söhbetdeşligiň başynda BMG-niň BA-nyň «Merkezi Az...

DOWAMY
pic
17 Awg

TÜRKMEN AGYR ATLETIKAÇYLARY V YSLAM RAÝDAŞLYGY OÝUNLARYNDA 13 MEDAL EÝELEDILER

Türkmen agyr atletikaçylary Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda dürli derejeli medallaryň 13-sini gazandylar. Agyr atletika boýunça ýaryşyň jemleýji güni ildeşimiz, Marydan halkara derejeli sport ussady Hojamuhammet Toýçyýew 109 kg. çenli iň agyr agramda çykyş edip, üç medal eýeledi. 30 ýaşly türgen silterläp götermekde 184 kg. netije bilen kümüş medala mynasyp boldy. 2018-nji ýylda bolsa Buenos-Aýresde geçirilen ýetginjekler Olimpiýa oýunlarynyň çempiony bola...

DOWAMY