SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hytaý halkynyň zähmetiniň, parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde geçen döwrüň içinde Hytaý Halk Respub...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 29-njy sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruis Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň ÝB bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň esasy görkezijileriniň biri ýokary derejeli gepleşikler bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Ko...
TELEKEÇILIK — TÜRKMENISTANYŇ BAZAR YKDYSADYÝETINIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI
Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň hususy pudag...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK SPORT TOPLUMYNDAKY DABARALARA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşdy. Ýurdumyzyň baş baýramyna gabatlanyp her ýyl geçirilýän at çapyşyklary türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan däplerine ygrarlydygyny, döwürleriň we nesilleriň dowamat-dowamlylygyny özünde jemläp, baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýýar. Ahalteke bedewleriniň öwşün atýan reňki, syrdamlygy, seýkin basyp ýöreýşi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslaný...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine ýurduň Ižewsk şäherindäki 88-nji mekdepde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şol sanda bigünä çagalaryň köpüsiniň heläk bolmagyna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beri...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “BURIED HILL ENERGY” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Ýerine ýetiriji başlygy Piter S.Kallosy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Myhman çakylyk hem-de bu ajaýyp şatlygy türkmen halky bilen bilelikde paýlaşmaga bildirilen uly hormat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gutlady hem-de bagt, parahatçylyk, abadan...