RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Iýun

MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRE GECIRILDI

2022-nji ýylyň 25-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Owganystanyň Hyrat şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsullygynda medeni çäre geçirildi. Oňa Owganystanyň Hyrat we Badgis welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň 30-dan gowragy gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Gündogaryň beýik şahyry, filosofy, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny buýsanç bilen labyzly okadylar. Dabara gatnaşanla...

DOWAMY
pic
25 Iýun

TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI ÝOLLADY

Ýakynda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen heläkçilikli ýer titreme bilen baglanyşykly Türkmenistandan Owganystana iberilen ynsanperwer ýük şu gün Kabula geldi. Bu çäre, doganlyk halkyň başyna gelen tebigy betbagtçylyga dessin jogap beren Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda geçirildi. Türkmenistan azyk harytlaryndan, däri-dermanlardan, arassaçylyk önümlerinden, we dürli hojalyk harytlaryndan ybarat bolan jemi 24 tn 700 kg ýük iberdi. Owgan halkyna ynsa...

DOWAMY
pic
24 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AZIÝA ÖSÜŞ BANKYNYŇ TÄZE BELLENEN WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze  Direktory  Artur Andrisýak bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Aziýa Ösüş Bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we geljekki mümkinçiliriniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bilelikde işleriň alnyp barylýan pudaklary hökmünde energetika, senagat, ulag, söwda, bank ulgamy we beýleki ugurlar bellenildi....

DOWAMY
pic
24 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DIM-LERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, Saud Arabystanynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Walid Abdulkarim El-Hereýji ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny we möhüm...

DOWAMY
pic
23 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DOKMA ÖNÜMLERI SEULUŇ “2022-IMPORT HARYTLARYŇ SERGISINDE” GÖRKEZILDI

Şu gün, 23-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilýän “2022-Import harytlaryň sergisiniň” açylyş dabarasy boldy. Bu abraýly çärede Türkmenistan hem ilkinji gezek özüniň dokma senagatynyň kuwwatyny görkezýär. Sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň ekologiýa taýdan arassa dokma önümlerini, hususan-da, «Nusaý», «Gala», «Goza», «Merw», «Bedew» ýaly haryt-nyşanly ýokary hilli egin-eşikleriň, trikotažyň, jinsiniň, keteniniň, nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri görkezilýär....

DOWAMY
pic
23 Iýun

TÜRKMENISTAN ÝER TITREME HELÄKÇILIGINE UÇRAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI IBERER

2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen duşuşygy geçirildi. Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Owgan diplomatyna ýüzlenip Türkmenistanda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolan heläkçilikli ýer titreme baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini belledi hem-de bu ýurduň halkyna gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi. DIM-ni...

DOWAMY
pic
21 Iýun

TÜRKMENISTAN HALKARA ÄHMIÝETLI ÜSTAŞYR ULAG DÜZÜMI KEMALA GETIRÝÄR

Ýurduň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ulag düzüminiň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ata Watanymyz bu ugurdaky ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ulag ulgamynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirýär. Gadymy döwürlerden bäri üstünden sebitiň wajyp söwda ýollary geçen Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşm...

DOWAMY