TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
HORMATLY PREZIDENTIMIZ DAŞOGUZDA TÄZE HASSAHANALARYŇ AÇYLYŞ DABARALARYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna dowam edýän toý saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde bina edilen lukmançylyk desgalarynyň ikisiniň — köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar esasynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Täze taryhy eý...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ENERGETIKA INSTITUTYNDA HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň maý aýynyň 27-sine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Mary welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisi: bähbitleriň utgaşýan ýeri we sebitdäki döwletlere berjek ähmiýeti» atly halkara maslahat geçirildi. Halkara maslahata Owganystan Yslam Respublikasynyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň we Eý...
TÜRKMENISTANYŇ RESMI WEKILLERI ÝHHG-NIŇ YKDYSADY WE DAŞKY GURŞAW FORUMYNYŇ MEJLISINDE ÝURDUMYZYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARY BOÝUNÇA ÇYKYŞ ETDI
2022-nji ýylyň 23-24-nji maýynda Polşanyň Lodz şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Ykdysady we daşky gurşaw forumynyň 2-nji taýýarlyk mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Türkmenbaşy halkara deňiz portynyň wekili Türkmenistan üçin ÝHHG bilen ykdysady we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag arkaly aragatnaşygy ösdürmek we söwdany ýeňilleşdirmek, şeýle hem energiýa howpsuzlygyň wajyplygy bellenildi....
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GÖÇME MEJLISI
Daşoguz welaýatyna toý sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň demirgazyk sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda, geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyny taýýarlamagyň ç...
MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY “ALTKOM” MALIÝE-SENAGAT TOPARYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko bilen duşuşdy. Myhman hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy we ähli türkmen halkyny Aşgabat şäheriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen paýtagtynyň häzirki zaman, okgunly ösýän şäheriň täsin nusgasydygyny, bu ýerde gözelligiň we oňaýlylygyň sazlaşykly utgaşýan...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY “INTERBUDMONTAŽ” GURLUŞYK ASSOSIASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Aşgabat şäheriniň gününe hem-de “Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkar...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY AMERIKAN IŞEWÜRLERI BILEN DUŞUŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory, direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Riz bilen duşuşdy. Işewürler duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi hem-de Arkadagymyzy giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlad...