img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Okt

“TÜRKMENISTAN – ABŞ” IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.  Duşuşyga Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi M.Klimou hem-de «John Deere», «Case New Holland», «Boeing», «Exxon Mobil» General Electric, «Coca C...

DOWAMY
pic
6 Okt

ÝURDUMYZYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA ÝUNESKO-NYŇ KLUBY AÇYLDY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň açylyşy boldy. Bu taslama Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň we Ýokary diplomatiýa mekdebiniň bilelikde gatnaşmagynda döredildi. Çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-niň wekilleri, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli düný...

DOWAMY
pic
6 Okt

HATYRA GÜNI MYNASYBETLI SERGI AÇYLDY

Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş muzeýiniň sergi zalynda Hatyra gününe gabatlanyp, türkmen nakgaşlarynyň Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň we söweş meýdanynda wepat bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy. Serginiň açylyşynda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary we 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary barada myhmanlara gürrüň berdiler, bu ýere gelenleriň aglaba bölegi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarydy. Hakyda halkyň ruhy...

DOWAMY
pic
6 Okt

HORMATLY PREZIDENTIMIZ HATYRA GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRELERE GATNAŞDY

Şu gün — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralaýarlar. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Nesilleriň bu agzybirligi we jebi...

DOWAMY
pic
6 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine 70 ýaş ýubileýi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. “Siziň durmuşyňyzyň şeýle ýatdan çykmajak gününde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge uly üns bermegiňiziň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek ýakymlydyr. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhleti göz öňünde tutýan we geljekki mümkinçilikleri nazarlaýan...

DOWAMY
pic
5 Okt

ABŞ-NYŇ DÖWLET SEKRETARYNYŇ ÝARAGLARA GÖZEGÇILIK, BARLAG WE BERJAÝ ETMEK BOÝUNÇA KÖMEKÇISINIŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ABŞ-nyň Döwlet Sekretarynyň Ýaraglara gözegçilik, barlag we berjaý etmek boýunça Kömekçisiniň birinji Orunbasary Pol Din bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meselelerine seretdiler, häzirki zaman wehimlere we howplara netijeli garşy...

DOWAMY
pic
5 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI IKAO GURAMASYNYŇ ASSAMBLEÝASYNYŇ 41-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

Halkara raýat awiasiýa guramasynyň (ICAO) ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili M.Orazow 2022-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan 7-nji oktýabry aralygynda Kandanyň Monreal şäherinde geçirilýän IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy. Çärede gurama agza döwletler we halkara guramalaryň wekilleri 21-nji asyrda howa ulaglarynyň durnuklylygyna we sanly ulgama geçmegine ýardam berjek IKAO-nyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň hökümeti, 2012-2030-njy...

DOWAMY