SOŇKY HABARLAR
GDA GIŇIŞLIGINDE HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR
Russiýa döwlet federal habarlar agentligi TASS, şu ýylyň oktýabr aýynda GDA ýurtlaryndan foto habarçylary, noýabrda bolsa žurnalistler üçin maslahat geçirmegi göz öňünde tutýar. Bu barada GDA agza döwletleriň edaralarynyň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň Minskide geçirilen mejlisinde habar berildi. Bu mejlise Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazarguly Şagulyýew wekilçilik etdi. 2023- nji ýyl hem GDA ýurtlarynyň Döwlet habarlar agent...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere German bitewüliginiň güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda: “Biz Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip belläp, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna uly ynam bild...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LÝUKSEMBURGYŇ GERSOGYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Lýuksemburgyň Beýik Gersogy Genrihe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara yna...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GRUZIÝANYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda R.Meredow Gruziýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şu ýyl Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygynyň hem bellenilýä...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hytaý halkynyň zähmetiniň, parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde geçen döwrüň içinde Hytaý Halk Respub...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 29-njy sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruis Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň ÝB bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň esasy görkezijileriniň biri ýokary derejeli gepleşikler bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Ko...
TELEKEÇILIK — TÜRKMENISTANYŇ BAZAR YKDYSADYÝETINIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI
Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň hususy pudag...