img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Iýul

ARAMGÄHDE REJELEÝIŞ IŞLERI GEÇIRILÝÄR

Köneürgenjiň döwlet taryhy we medeni goraghanasynyň hünärmenleri Ibn Hajybyň aramgähini rejelemek we abatlamak babatda degişli işlerini alyp barýarlar. Gadymy şäheriň binagärlik toplumyndan biraz uzaklykda ýerleşýän bu aramgäh XIV-XVI asyrlara degişli binagärlik toplumydyr. Gündogar binagärliginiň bu ýadygärligi aslynda iki otagly aramgäh bolup, soňra onuň gapdalynda metjit we medrese gurlupdyr. Aramgähiň içinde gubur ýerleşýär. Bu aramgähdäki gubur XIV asyra degişli hasaplanýar. Ol ýokary hi...

DOWAMY
pic
23 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MÜSÜR ARAP RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä hem-de ýurduň halkyna mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Abdel Fattah Al-Sisä tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Müsür Arap Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap R...

DOWAMY
pic
22 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGE MÜMKINÇILIKLERI

Ýakynda Türkmenistanyň paýtagtynda sebit we sebitara gatnaşyklaryny berkitmek üçin ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmäge bagyşlanan Ählumumy halkara maslahat tamamlandy. Aşgabat forumynyň işine sebitiň we dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlete degişli hem-de hususy kompaniýalaryň wekilleriniň 400-den gowragy gatnşady. Forumda Türkmenistana ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ykdysady gatnaşyklar kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
22 Iýul

TÜRKMENISTAN DAŞKENTDE OWGANYSTAN BOÝUNÇA HALKARA MASLAHATYNYŇ GEÇIRILMEGINI GOLDAÝAR

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda sebit we ählumumy howpsuzlygyny üpjün etmegiň dürli ugurlaryny beýan edip, owgan ugrunda bilelikde işlemegiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebitleýin howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti: «Owganystan bilen aýratyn taryhy gatnaşyklara eýe bolan goňşy döwletler hökmünde biz bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga...

DOWAMY
pic
22 Iýul

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SEBITIŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ NOBATDAKY KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary Yssyk-Kölüň Halkara howa menzilinde gondy. Şol ýerde dördünji konsultatiw duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni gyrgyz Lideriniň Çolpon-Ata şäherinde ýerleşýän döwlet kabulhanas...

DOWAMY
pic
21 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini, şol sanda kabul edilen borçnamalarynyň we Türkmenistanyň gatnaşýan adam hukuklary...

DOWAMY
pic
21 Iýul

TÜRKMENISTAN WE GRUZIÝA ÖZARA BÄHBITLI GATNAŞYKLARYŇ MUNDAN BEÝLÄK-DE PUGTALANDYRYLMAGY BILEN BAGLY MESELELER BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER GEÇIRDILER

2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip paýtagtymyza gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykar...

DOWAMY