SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN HALKARA GATNAŞYKLAR BOÝUNÇA «DIALOG — PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI» TÄZE PELSEPÄNI IŞJEŇ DURMUŞA GEÇIRER
Türkmenistan halkara gatnaşyklar boýunça «Dialog — parahatçylygyň kepili» täze pelsepäni işjeň durmuşa geçirer. Bu barada hormatly Prezidentimiz, Türkmensitanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde belledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklar boýunça işläp düzen täze pelsepämizi işjeň durmuşa geçirer. Bu pelsepe anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn geljeg...
TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar....
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAN DAŞARY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün, 11-nji fewralda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň nobatdan daşary mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýär. Mejlisd...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINIŇ ORNY NYGTALDY
Ýakynda Türkmenistanyň Ankaradaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew Anadolu agenliginiň Ankaradaky baş edarasyna bardy. Türkmen diplomatyny edaranyň başlygy, agentliginiň baş müdiri Serdar Karagöz we meýilnamalary dolandyrmak boýunça utgaşdyryjy Oguz Karakaş garşy aldylar. Karagöz diplomatyň saparyndan kanagatlanma bildirmek bilen, bütindünýä täzelikler ulgamyny döretmek işi we Türkiýäniň öňdebaryjy habarlar agenliginiň işiniň beýleki ugurlary barada gürrüň berdi....
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine hem-de howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işlerini kämilleşdirmek meselelerine garaldy. Milli Liderimiz mejlisi aç...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 9-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ysraýyl Döwletiniň Syýahatçylyk ministri Ýoel Razwozow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny, hususan hem ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Lukmançylyk we saglygy goraýyş, oba hojalygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, tehnologiýa we ylym, şonuň ýaly-da syýahatçylyk we bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary h...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek we ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleri ýokary derejede geçirmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyn...