TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÄHLI HALKYNA
Hormatly watandaşlar! Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri! Sizi berkarar ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde täze üstünlikleri arzuw edýärin. Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ha...
ANKARADA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ HEYKELINE GÜL GOÝMAK DABARASY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” diýlip yglan edilen ýylda bellenýän ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän Türkmenistan seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Gül goýmak dabarasyna Türk...
UKRAINANYŇ PAÝTAGTYNDA MAGTYMGULYNYŇ GOŞGYLARY OKALDY
26-njy iýunda Kiýewde dünýä edebiýatynyň hazynasyna uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň heýkeli oturdylan bagda beýik dana türkmen şahyryna bagyşlanan dabara geçirildi. Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň guran çäresine Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Ýokary Radasynyň deputatlary, Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýanyndaky «Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat etmek boýunça baş direksiýanyň» ýolbaşçylary, jemgyýetçiligiň, telekeçilik düzümleriniň wekilleri, kowçum ýaş...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer degişli Konsepsiýada kesgitlenen wezipeleri çözmek bilen baglylykda, milli ykdysadyýete...
DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KANADANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY BOLDY
2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara şäheri) Aşraf Hohar bilen onlaýn görnüşde duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar Türkmenistan bilen Kanadanyň özara bähbitli dürli ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmasyny bildirdiler. Iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşly...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ÖZGERTMELER BOÝUNÇA ÝÖRITE MASLAHATÇYSY BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň özgertmeler boýunça ýörite maslahatçysy Ýens Wandel bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek we onuň durmuş-ykdysady ýagdaýa täsiri bi...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ITALIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Italiýanyň Prezidentiniň resmi kabulhanasy bolan Kwirinal köşgünde Ilçi T.Kömekowyň Italiýanyň Prezidenti Serdjo Mattarella Türkmenistanyň Italýan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Prezident bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda Ilçi Italiýanyň Prezidenti Serdjo Mattarella Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow...