TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
ТУРКМЕНСКИЕ ВОЕННОСЛУЖАЩИЕ ПРИНЯЛИ УЧАСТИЕ В ПАРАДЕ ПОБЕДЫ В МОСКВЕ
Сегодня на Красной площади в Москве состоялся военный парад в честь 75-й годовщины Победы в Великой Отечественной войне. Парад Победы должен был состояться 9 Мая, но был отложен из-за пандемии коронавируса. Дата - 24 июня - выбрана неслучайно: именно в этот день 75 лет назад в Москве состоялся легендарный Парад Победителей, которым командовал маршал Константин Рокоссовский, а принимал – маршал Георгий Жуков. … «Внимание, говорит и показывает Москва, слушайте и смотрите Красную площадь. В озна...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen giň möçberli işler, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslaha...
METBUGAT ÜÇIN HABAR
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web-saýtynda Türkmenistanda koronawirus infeksiýasynyň garşysyna alnyp barylýan çäreler barada nädogry maglumatlar ýerleşdirilipdir. Hususan-da, täze görnüşli infeksiýanyň döredýän alamatlary bar bolan raýatlaryň testden geçirilýänligi we hamana olaryň oňaýlyklaryna gözegçilik edilmeýän karantine kesgitli bolmadyk döwür üçin mejbury iberilmeginiň mümkinligi barada nygtalýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şuňa...
DIM-DE ÝTÖB BILEN ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY BERKITMEK BOÝUNÇA MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglu bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen ÝTÖB-nyň arasyndaky uzak möhletli we täsirli hyzmatdaşlygyň ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşygyň çäklerinde, bu halkara maliýe institutynyň gatnaşmagynda energetika we ula...
AÖB-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekilhanasynyň Direktory Çang Çing Ýu bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň barşynda geljegi uly t täze aslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bank ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň, şonuň ýaly-da energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslam...
SYÝASY WE YKDYSADY MESELELER BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÖZBEK GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde syýasy we ykdysady meseleler boýunça türkmen-özbek geňeşmeleri onlaýn görnüşinde geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary W.Hajiýew hem-de I.Neýmatow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy, ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikleriň zerurlygy hem nygtalyp geçildi. Diplo...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ AHAL WELAÝATYNA IŞ SAPARY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ahal welaýatynda boldy. Döwlet Baştutanymyz saparynyň çäklerinde welaýatdaky täze senagat toplumlarynyň gurluşyk işleriniň barşy we sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, seýle hem «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Galla önümleri önümçilik toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Ir bilen milli Liderimiz dikuçarda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz eksport ugurly önü...