TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BALKAN WELAÝATYNA IŞ SAPARY
Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek milli Liderimiziň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasatynyň möhüm ugrudyr. Şunda, obasenagat toplumynyň...
WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYKDA TÜRKMENISTAN BILEN ABU-DABI ÖSÜŞ GAZNASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 17-nji iýunynda Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň Baş direktory Mohamed Saif Al Suwaýdi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ykdysady, maliýe we nebit-gaz ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de...
TÜRKMENISTAN BILEN SIERRA-LEONE RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARY ÝOLA GOÝMAK HAKYNDA TESWIRNAMA GOL ÇEKILDI
2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Sierra-Leone Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Gurbanow hem-de Sierra-Leone tarapyndan Sierra-Leone Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi...
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DAŞOGUZ WELAÝATYNA IŞ SAPARY
Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda yzygiderli iş saparlarynda bolup, obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösüşine, ýerlerde...
TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNY BERKIDÝÄR
2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek boýunça Türkmenistanyň DIM-niň hem-de Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi. Duşuşyk taraplara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Söwda we maýa goýumlar, nebitgaz ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri babatynda bell...
CAREC -IŇ MILLI UTGAŞDYRYJYLARYNYŇ MASLAHAT BERIŞ MEJLISI GURALDY
2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Aziýa ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” (CAREC) maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjylarynyň onlaýn görnüşinde maslahat beriş mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar CAREC maksatnamasynyň ykdysadyýet, söwda, energetika, syýahatçylyk, ykdysady geçelgeler ugurlarynda durmuşa geçirilen işler, şeýle hem saglygy gor...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ SAPARY BILEN DAŞOGUZ WELAÝATYNA UGRADY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Daşoguz welaýatyna tarap ugur aldy we biraz wagtdan soňra Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Milli Liderimiziň Daşoguz welaýatyna iş sapary dowam edýär. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14441