RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Iýun

1-NJI IÝUN — ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI

Gadyrly çagalar! Men siziň ähliňizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagt we uly üstünlikler arzuw edýärin. 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda bu sene çagalaryň baýramy hökmünde bellenilýär. Ol diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň dowamly tomusky dynç alşynyň ilkinji güni bolmak bilen çäklenmän, körpe nesliň geljegi üçin has uly ähmiýetli senedir. Çagalaryň hukuklaryny goramak Türkmenistanyň goşulan köp sanly halkara resminamalarynyň we...

DOWAMY
pic
31 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMEN HALYSYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI GUTLAGY

Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar! Çeper elli mähriban halyçylar! Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergi-ýarmarkasynyň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XX mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Nepisligi we öwüşginli lowurdysy bilen dünýäni haýran edýän ajaýyp türkmen halysy merdana halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp, umumadamzat medeniýetiniň ge...

DOWAMY
pic
30 Maý

TÜRKMENISTANYŇ RUMYNIÝADAKY ILÇIHANASY TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TEGELEK STOL GURNADY

2020-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň derejesiniň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy bu möhüm çärä bagyşlanan tegelek stol çäresini we Rumyniýadaky türkmen talyplarynyň arasynda geçirilen surat çekmek boýunça bäsleşikde ýeňijilere baýrak gowşurmak dabarasyny geçirdi. Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetine ünsi çekip, şu ýylyň 11-12-nji dekabr aralygynda T...

DOWAMY
pic
30 Maý

GAZAGYSTANDA TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI WIDEOŞEKILLI MASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Gazagystanyň M.Auezow adyndaky döwlet uniwersiteti bilen 2020-nji ýylda ýurdumyzda we tutuş dünýäde giňden bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli wideoşekilli maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri hem-de M.Auezow adyndaky döwlet uniwersitetiniň professor-mugallyml...

DOWAMY
pic
30 Maý

BELARUS RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN TELEKÖPRI ARKALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli teleköpri arkaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri, Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň rektory W.Welikanow, prorektory M.Potapenko, professor-mugallymlary hem-de akademiýada bilim alýan daşary ýurtly we türkmen talyplary...

DOWAMY
pic
30 Maý

TÜRKMEN-EÝRAN GÖZEGÇILIK-GEÇIRIŞ NOKATLARYNDA DESGALARYŇ GURULMAGY BILEN BAGLY IŞLER BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 30-njy maýynda «Sarahs–Sarahs», «Artyk– Lütfabat» we «Altyn Asyr– Inçeburun» gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurluşygy alnyp barylýan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek hem-de bu desgalary işe girizmek boýunça Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň hünärmenleriniň bilelikdäki iş toparynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşar...

DOWAMY
pic
29 Maý

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR

Gyrgyz Respublikasynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen onlaýn görnüşde geçirilen duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň işewür toparlarynyň özara bähbitli türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri girizildi. Goňşy ýurtdan bolan hyzmatdaşlar telekeçilik işine döwlet goldawy hem-de bu ulgamy giňeltmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän giň gerimli özgertmeleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Söwda-sen...

DOWAMY