TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy, çäre göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Arkalaşyga gatnaşyjy-döwletleriň daşary işler ministrleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew dagylar gatnaşdylar. Işjeň ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda taraplar ýurtlaryň dünýädäki epidemiologik...
TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRLIGI BILEN “TYPSA" ISPAN KOMPANIÝASYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de Ispaniýanyň “TYPSA” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideo maslahaty geçirildi. Wideo maslahatyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen TYPSA-nyň arasyndaky senagat desgalarynyň gurluşygyny durmuşa geçirmekde we olara siňdirilýän çig mallary öndürmek pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Onlaýn duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan dürli zawodlaryň taslam...
GEPLEŞIKLERIŇ DOWAMYNDA HALKARA ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGESINIŇ IŞINI IŞJEŇLEŞDIRMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 12-nji maýynda “Türkmendemirýollary” agentliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi. Türkmen wekiliýete ulag ulgamyna jogapkär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Öwezow ýolbaşçylyk etdi. Özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministri E.Ganiýew ýolbaşçylyk etdi. Eýran wekiliýetine EYR-n...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUMYNIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN GEŇEŞMELER
2020-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, rumyn wekiliýetine Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary D.Nekulaesku ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-rumyn gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlydykl...
SANKT-PETERBURGDA TÜRKMENISTANLY GAHRYMANLARYŇ HATYRASYNA ÝADYGÄRLIGE GÜL GOÝMAK DABARASY BOLDY
9-njy maýda Sakt-Peterburgyň «Mekan» Türkmen medeni jemgyýeti Beýik Watançylyk urşy ýyllary Leningrad, Wolhow we Karel frontlarynda wepat bolan türkmenistanlylaryň hatyrasyna Piskarýow gonamçylynda goýlan ýadygärlige gül goýmak dabarasyny gurady. Ildeşlerimiziň bu ýadygärligi 2006-njy ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň goldamagynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Sankt-Peterburg we Russiýanyň Demirgazyk-Günbatar sebiti, «Mekan» Türkmen med...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW AŞGABATDAKY WE ONUŇ TÖWEREKLERINDÄKI TÄZE GURLUŞYKLARDA IŞLERIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda döwlet Baştutanymyz Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şäher düzümlerini kämilleşdirmek, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer bilen ýurdumyzyň baş şäheriniň köçelerine welosipedde bilelikde aýlanan wagty ol...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY UNEP MAKSATNAMASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň 2022-2025-nji ýyllar üçin orta möhletli strategiýasyny taýýarlamak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly köptaraplaýyn iş maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasynyň wekilleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň hem-de T...