TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
BRAZILIÝANYŇ PREZIDENTI TÜRKMEN LIDERINE MÄHIRLI GUTLAGYNY IBERDI
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Jenap Prezident, Size Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Beýik Biribar Siziň we Türkmenistanyň dostlukly halkynyň ýoluna nur çaýsyn! Şu ýyl Oraza bütin dünýä üçin aýratyn çylşyrymly döwürde geçýär. Orazanyň raýdaşlyk, adamkärçilik we pikirleriň arassalygy ýaly ýörelgeleri hem-de agzybirlige we ähli zatlary bagyşlamaga çagyryşy biziň ählimize häzirki ählumumy kynçylyklary ýeňip geç...
AWTOULAG ULGAMYNYŇ TEHNIKI BINÝADYNYŇ DÖWREBAPLAŞDYRYLYŞY GÜÝÇLENÝÄR
Ýurdumyza Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kama awtomobil zawodynda öndürilýän «KamAZ 6520» ýük awtoulaglarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Şol tehnikalar «Türkmenawtoulaglary» agentligine degişli kärhanalara paýlanyp berler we paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gurluşygy amala aşyrylýan iri desgalarda ulanylar. Ulag düzüminiň ösdürilmegi, awtomobil hem-de ulaglaryň beýleki görnüşleriniň döwrebaplaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WE IRLANDIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministri Saýmon Kowniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Ministrler syýasy-diplomatik ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gün tertibiniň esasy meselelerine seredilip geçildi, şol sanda pandemiýanyň garşysyna gönükdirilen göreşde ýurtlaryň arasyndaky raýdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Dipl...
ÝADRO SYNAGLARYŇ HEMMETARAPLAÝYN GADAGAN EDILMEGI HAKYNDAKY ŞERTNAMA GURAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ TÜRKMEN TALYPLARY ÜÇIN LEKSIÝALARY
2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary jenap Lassina Zerbonyň onlaýn-leksiýalary geçirildi. Diňleýjileriň arasynda ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instititutynyň talyplary bardyr. Jenap Lassina Zerbonyň wideo-leksiýalary indiki te...
TELEKEÇILIK MESELELERI BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ASTRAHAN GEŇEŞINIŇ IKINJI MEJLISI
2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Telekeçilik meseleleri boýunça bilelikdäki Türkmen-Astrahan geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda Astrahan suw-ulag merkeziniň logistika mümkinçilikleri, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Olýa Hal...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-GERMAN IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-german iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri we german tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Naýthart Höfer-Wissing gatnaşdylar. Taraplar Türkmenistan bilen GFR-yň arasyndaky däp bo...
ÝDK BABATYNDA TÄZE STRATEGIÝANYŇ WE HEREKETLERIŇ MEÝILNAMASYNYŇ IŞLENILIP DÜZÜLMEGINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA WIDEOKONFERENSIÝA
2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň wekilleri bilen Ýokanç däl keselleriniň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021-2030-njy ýyllary üçin täze strategiýanyň işlenilip düzülmeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça wideokonferensiýa geçirildi. Bu duşuşyk türkmen tarapynyň ýardam bermeginde BSG-nyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasy tarapyndan guraldy. Onlaýn-duş...