TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Göni wideoaragatnaşyga ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow çagyryldy, ol gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, ýurdumyzyň durmuş-yk...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ GEŇEŞINIŇ WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY SAMMITINE GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soňra, häzirki döwürde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşine başlyklyk edýän Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň haýyşy boýunça bu Geňeşiň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdy. Onuň gün tertibine Geňeşe agza döwletleriň koronawirus pandemiýasyna garşy durmakdaky tagallalaryny utgaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Soňra sammitde çykyş eden horma...
KONSTITUSION TOPARYŇ ÝANYNDAKY IŞ TOPARYNYŇ MASLAHATY
Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen döredilen iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Düzümine Milli Parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri, alymlar, şeýle hem Döwlet,...
«DUTARYŇ OWAZY» HALKARA GÖZDEN GEÇIRILIŞINIŇ ÇÄKLERINDE GURBANNAZAR EZIZOWYŇ GOŞGULARYNA ESERLERIŇ BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI
Kompozitor Mämmet Guseýnowyň başlangyjy bilen geçirilýän we art-direktory bolan Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly indi altynjy gezek geçirilýän Halkara sungatlar festiwaly 2020-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda Russiýanyň paýtagtynda geçiriler. Indi däbe öwrülen aýdym-saz we sungat baýramy her ýyl Türkmenistanyň RF-däki Ilçihanasynyň, Moskwanyň hökümetiniň, Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň we Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň Prezidentiniň hut özüniň,...
TÜRKMENISTAN WE BMG IŞJEŇ GATNAŞYKLARYNY DOWAM EDÝÄRLER
2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky...
ULAG WE LOGISTIKA PUDAGYNDA TÜRKMENISTAN BILEN GRUZIÝANYŇ ARASYNDA IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK
2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda telegepleşik geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Türkmen logistika assosiasiýasynyň, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gruzin tarapyndan wideo...
BMG-NIŇ WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET EDARALARYNYŇ WEKILLERI ÄHMIÝETLI MESELELERIŇ ENÇEMESINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň wekilleriniň Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar özara gyzyklanma bildirýän ähmiýetli meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Tarap...