TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
HORMATLY PREZIDENTIMIZ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ BAŞ METJIDINDE SADAKA BERDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde berlen sadaka gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz Daşoguzyň howa menzilinden şäheriň günorta-günbatar böleginde — owadan Görogly köçesiniň ugrunda gurlan metjide tarap ugrady. Bu uzyn ýoluň ugrunda Daşoguzyň binagärlik keşbini bezeýän beýleki ajaýyp desgalar, şol sanda Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň ak mermerli binasy hem-de Ruhyýet köşgi ýerleşýär....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde doganlyk ýurt bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigini bellediler, munuň özi hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça öz wagtyn...
TÜRKMENISTAN DAŞTY GURŞAWY GORAMAK BILEN BAGLANYŞYKLY HALKARA RESMINAMALARYŇ BIRNÄÇESINE GOŞULMAGY MEÝILLEŞDIRÝÄR
2020-nji ýylyň 26-njy martynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisi geçirildi we onda döwlet durmuşynyň derwaýys meselelerine garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow BMG we beýleki abraýly guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda tebigaty goramak hem-de ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bel...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň derwaýys meselelerine garaldy hem-de birnäçe resminamalar kabul edildi. Ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow çagyryldy. Ol gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini saklamak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Ekspo...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň ylmy-tehnologiýa taýdan ösüşine, ylmy ösdürmegiň esasy ugurlaryna we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly tehnologiýalary ulanmak bilen, ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygynyň has-da jebisleşmegin...
RESMI HABAR
Ätiýaçlandyryş ulgamyny düzgünleşdirmegi kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 41-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň daşary ýurt ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşyp bilýän ätiýaçlandyryş görnüşleriniň sanawy tassyklanyldy. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14089
RESMI HABAR
Ýurdumyzyň içerki bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny artdyrmak, bahalaryň durnuklylygyna gündelik gözegçiligi amala aşyrmak, azyk önümleriniň eksportyny we importyny kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14089