TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMEN-OWGAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmen tarapyndan foruma ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle-de Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Owganystanyň wekilçilikli wekiliýetiniň arasynda ýurduň söwda-ykdysadyýet ulgamynyň hünärmenleri we hususy telekeçiler bardyr. Duşuşygyň barşynda...
ŽENEWADA “HAZAR DEŇZI SEBITINIŇ ULAG-ARAGATNAŞYK MÜMKINÇILIKLERI: AZERBAÝJAN WE TÜRKMENISTAN – IŇ GYSGA ÝOL” ATLY TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda BMG-niň Ženewadaky edarasynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy we Azerbaýjanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde guramagynda “Hazar deňzi sebitiniň ulag-aragatnaşyk mümkinçilikleri: Azerbaýjan we Türkmenistan – iň g...
AŞGABATDA ÝEWRAZIÝA TOPARYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝHHG-NIŇ OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda «Ýewraziýa toparynyň (ÝAT) özara baha bermäge milli derejede taýýarlyk: ÝHHG-niň döwletleriniň iň gowy tejribeleri» atly üç günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Çärä Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankynyň we Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de gatnaşyjylaryň arasynda hususy pudagyň we täjirçilige...
DUBAÝDA TÜRKMENISTANYŇ NEBITGAZ ROUD-ŞOUSYNYŇ JEMLERI JEMLENILDI
2020-nji ýylyň 24-nji fewralynda günüň ikinji ýarymynda «ТOPH – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň nyşanydyr» atly tegelek-stoly we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýmagyň hukuk hem-de salgyt şertleri boýunça seminar guraldy. Günüň ahyrynda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen deslapky ýagdaýda ylalaşylan duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň nebiti we gazy»...
KARABÜK UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkiýäniň Karabük uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Çärä Karabük welaýatynyň häkimi, Karabük uniwersitetiniň rektory we professor-mugallymlary, bilim alýan türkmen we daşary ýurtly talyplar, dürli jemgyýetçilik we ylmy edaralaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň barşynda Hormatly Pr...
DUBAÝDA «TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY» HALKARA ROUND-ŞOU AÇYLDY
2020-nji ýylyň 24-nji fewralynda Dubaýda «Hyatt Regency» myhmanhanasynyň «Al Maha» maslahatlar zalynda «ТOPH – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisi» atly halkara maslahatynyň we «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara round-şounyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüş mümkinçilikleri daşary ýurt maýadarlarynyň, edil şonuň ýaly-da halkara guramalarynyň, hökümet wekiliýetleriniň we söwda kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýändir. Dünýäniň 40-a golaý ýu...
SEBITIŇ WE DÜNÝÄNIŇ ENERGETIKA HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK UGRUNDA
Dubaý şäherinde (BAE) 24-nji fewralda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» halkara roud-şüweleňine dünýäniň nebitgaz bazarynyň öňdebaryjylary, ýurdumyzyň uglewodorod pudagynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan bu ýöriteleşdirilen forum biziň döwletimiziň gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendir. Hormatly Pre...