TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI G.BERDIMUHAMEDOW BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI A.LUKAŞENKO BILEN DUŞUŞDY
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Prezident A.Lukaşenkonyň baştutanlygyndaky Belarus Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde 11-nji oktýabrda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-yns...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putinyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda dostlukly döwletleriň baştutanlary syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda ikitaraplaýyn strategiki hyz...
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ LIDERLERI STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞ MESELELERI BARADA PIKIR ALYŞDYLAR
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Prezident Kasym-Jomart Tokaýewiň ýolbaşçylygyndaky Gazagystan Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky...
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNDAKY BAŞLYKLYGY
LEBEDEW SERGEÝ NIKOLAÝEWIÇ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy - Ýerine ýetiriji Sekretary Şu günki günde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy özbaşyna agramly kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň esasynda hereket edýän tertipnamalaýyn hem-de pudaklaýyn edaralarynyň işe ukyply ösen ulgamy bolan umumy ykrar edilen sebitleýin halkara birleşigi bolup durýandyr. GDA şeýle hem açyk, dostlukly ýagdaýda işjeň gepleşikleri alyp barmaga, ykdysady, ynsanperwerlik we syýasy ul...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK WEKILI BILEN BMG-NIŇ ŽENEWADAKY EDARASYNYŇ BAŞ DIREKTORY TATÝANA WALOWAÝANYŇ DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Ženewada Milletler köşgünde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili bilen täzeden wezipä bellenilen BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň hemişelik wekili Türkmenistanyň baştutanynyň adyndan onuň möhüm diplomatiki wezipa bellenilmegi mynasybetli hoşallyk we gutlag sözlerini aýtdy. Gepleşigiň dowamynda Baş direktor Baş Assambleýanyň 74-nji s...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmat...
IKI DÖWLETIŇ PREZIDENTLERI TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Prezident Ilham Aliýewiň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmeni...