TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN ZYÝARATÇYLARY MEKGÄ WE MEDINÄ HAJA UGRADYLAR
Türkmen zyýaratçylary hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haja ugradylar. «Boing-737-800» kysymly uçar watandaşlarymyzyň — ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň wekilleriniň 160-syny üstüne alyp, Käbä tarap ugur aldy. Olar musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň sahawatly günleri bütin dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, M...
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY – DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Öňde duran dünýä derejesindäki çäre – Birinji Hazar ykdysady forumy (BHYF) bu günki günde diňe bir dünýäniň dürli ýurtlarynyň hökümetleriniň däl-de, eýsem işewürlik ulgamynyň öňdebaryjylarynyň hem ünsüni özüne çekýär. Meşhur «Istanbool Today» türk žurnalynyň redkasiýasy özüniň nobatdaky neşiriniň agramly bölegini 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan BHYF-niň esasy aýratynlyklaryna bagyşlapdyr. Çap edilen makala diňe bir Ha...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI S.W.LAWROW BILEN SÖHBETDEŞLIK
Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň redaksiýasyna birinji Hazar ykdysady forumy hakynda beren sowalyna jogaby Sowal: Hazar gün tertibiniň ilerledilmeginde, Hazarda köpugurly hyzmatdaşlygyň formatynyň pugtalandyrylmagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine Siz nähili baha berýärsiňiz? Jogap: Hazar sebitiniň ykdysady ösüş meselesiniň netijeli hem-de özarabähbitli esasda çözülmegi 2018-nji ýylyň awgus...
ÝUBILÝARLARYŇ DÖRTLÜGI: DÜNÝÄ ÖZBOLUŞLY DÖRT GARAÝYŞ
Türkmen žiwopisçileriniň dördüsiniň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli Nakgaşlar birleşigi paýtagtymyzyň Sergi merkezinde olaryň işleriniň köpçülikleýin sergisini gurady. Balkanly nakgaş Ýolmämmet Annaýewiň suratlarynda deňiz tolkunlarynyň şahyranalygy beýan edilipdir. Deňiz manzarlaryny çekýän ussat Hazary asuda we gomly pursatlary, tolkunlary kenara hyjuwly urulýan, ahyrsyna gözýetmez görnüşlerde şekillendiripdir. Onuň «Asudalyk» suratyndaky säher-saba parahat deňiz we balykçylara garaşyp duran...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 5 — 25-nji awgusty aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 160 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin «Boeing —737 — 800» kysymly uçaryň ýörite gatnawyny «Türkmenhowaýollary» agentliginiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy.
ÄHLUMUMY ENERGETIKA HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEKDE TÜRKMENISTANYŇ KUWWATY ARTÝAR
Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça tassyklan maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bu pudaga möhüm ähmiýet berilýär. Ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, dünýäniň energetika bazarlarynda onuň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň birnäçesi...
OWGANYSTANYŇ HYRAT WELAÝATYNYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2019-njy ýylyň 30-njy iýuly – 2-nji awgusty aralygynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň häkimi Abdul Kaýum Rahiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem-de Aşgabat şäherinde saparda bolýar. Wekiliýetiň Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň häkimi hem-de degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy....