TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
YSRAÝYL DÖWLETINDE TÜRKMEN-YSRAÝYL SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji martynda Ysraýylda Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ysraýyl tarapyndan geňeşmelere Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ben Swi ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler we syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugta...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA SAPARY
2019-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary başlandy. 2019-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy jenap Tadomori Oşima bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda taraplar özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme möhüm ugurlaryny ara...
ŽENEWADA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA SEBITLEÝIN FORUM GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-22-nji martynda Ženewanyň halkara maslahatlar merkezinde Durnukly ösüş boýunça Sebitleýin forum öz işine başlady, oňa ÝYK sebitiniň ýurtlaryndan ýokary derejedäki wekiliýetler gatnaşdylar. Türkmenistandan foruma Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Albaniýanyň Saglygy goraýyş we sosial goragy ministri hanym O.Manastirlýunyň başlyklyk etmeginde geçirilen açylyş dabarasyna BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary ha...
TÜRKMENISTANDA HALKARA NOWRUZ GÜNI BELLENILIP GEÇILDI
Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar, däp bolşy ýaly, Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ägirt uly «Türkmeniň ak öýi» guruldy. Ýaýlada, Ahalyň dag etegindäki jülgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzy giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Çärä çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Tür...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ WENA ŞÄHERINDE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERI BARADAKY KOMISSIÝASYNYŇ 62-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 14-15-nji marty aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň neşe serişdeleri baradaky Komissiýasynyň nobatdaky 62-nji sessiýasynyň isine gatnaşdy. Komissiýanyň gün tertibiniň esasy meseleleri bolan neşe serişdeleriň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanşygy boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler neşe serişdelerine gözegçilik etmek boýunça halkara ulgamynyň geljekde hem pugtalandyrylmagyna, BMG-niň neşe serişdeler...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň Başlygy (ýerleşýän ýeri Anakara ş.) jenap Kristian Bergeriň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli derejede berkidilendigini belläp geçdiler. Şeýle hem wekiliýetiň ýolbaşçylary Türk...
«HAZAR DEŇZI – DURNUKLY ÖSÜŞ WE DOLANDYRMAK» ATLY OKUW KURSYNA GATNAŞYJYLARY TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNA BARDYLAR
2019-njy ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, Halkara Umman institutynyň dolandyryjy direktory Antonella Wassalo we UNESCO-nyň Hökümetara okeanografik toparynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň geneşçisi doktor Ýuriý Olýunin bilen duşuşygy geçirildi. Myhmanlar talyplaryň öňünde «Halkara Umman instituty we ummany dolandyrmakdaky potensialyň ösüşi: Hazar deňzi sebitinde üstünlikli hyzmatdaşlyk»,...