RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Dek

TÜRKMENISTAN — ROWAÇLYGYŇ WATANY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Mizan” işewürlik merkezinde ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, görnükli medeniýet işgärleri,...

DOWAMY
pic
21 Dek

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW S.A.NYÝAZOWY HATYRALAMAK ÇÄRESINE GATNAŞDY

Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähindäki Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň hatyrasyna S.A.Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresine gatnaşdy. Geçenleri ýatlamak türkmen halkynyň köp müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen we nesilden-nesle geçip gelýän mukaddes dessurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatyna laýyklykda, bu ýörelgeler mynasyp derejede dowam etdirilýär....

DOWAMY
pic
21 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE GAMBIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gambiýa Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň sekretary, Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ebrima Sisaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki iri halkara guramalarynyň çäklerindäki syýasy gatnaşyklarynyň netijeliligine ýokary baha berdiler. Şeýle hem duşuşygy...

DOWAMY
pic
21 Dek

2019-NJY ÝYL ÝURDUMYZDA «TÜRKMENISTAN – ROWAÇLYGYŇ WATANY» ŞYGARY ASTYNDA GEÇER

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary  2019-njy ýyly «Türkmenistan ‒ rowaçlygyň Watany» diýip yglan etmek hakynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly uly üstünliklere, rowaçlyklara, şanly wakalara beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygar üstünlikli durmuşa geçirilip, adamlaryň hal-ýagdaýy yzygiderli ýokarlanýar, olaryň ýa...

DOWAMY
pic
20 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISINDE SÖZLÄN SÖZI

Hormatly Ministrler Kabinetiniň  agzalary!  Hormatly diplomatlar!  Häzirki döwürde biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiz sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün edýän esasy ýurtlaryň biridir. Dünýäde güýçli hem-de ýokary depginler bilen ösýän ykdysadyýeti we daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüne çekiji abraýly hem-de hormatlanýan döwletdir.  Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetine uly möçberli maýa goýumlaryny goýýarys. Daşary söwda dolanyşygymyz yzygiderli artýar. Zähmet haklary her ýyl durnukly k...

DOWAMY
pic
20 Dek

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISINDEN

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatik düzümiň wekilleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň Täze ýylyň öň ýanyndaky däp bolan giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň beýleki döwletlerdäki diplomatik hem-de konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň redaktorlary we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary çagyryldy. Mejlisde Garaşsyz, Bitarap döwl...

DOWAMY
pic
20 Dek

PUDAKLAÝYN FORUMLAR — 2018: ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY KUWWATYNYŇ ARTMAGYNYŇ AÝNASY

Dünýäniň esasy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli pudaklaýyn hem-de köpugurly ykdysady forumlar netijeli işewür gatnaşyklaryň aýdyň we mazmuny boýunça baý görnüşleriniň birine öwrüldi. Şolar ysnyşykly işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, dürli ugurlar boýunça halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny gözlemäge gönükdirilendir.  Şu mesele boýunça 2018-nji ýylyň synynda döwlet Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň sergi...

DOWAMY