SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ JSIM BARLAGHANASY BSGG-NIŇ ÄHLUMUMY ULGAMYNA GIRIZILDI
2019-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň (JSIM) Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine dümew boýunça milli merkez diýen derejäniň berilmegini tassyklaýan güwänamanyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bütindünýä sag...
TÜRKMENISTAN BILEN MAROKKO PATYŞALYGY KÖPTARAPLY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞINE YGRARLYDYGYNY BELLEDILER
2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Daşary işler ministriliginde Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Marokko Patyşalygynyň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň Döwlet sekretary Muniýa Busettanyň ýolbaşçylygynda wekiliýeti Aşgabada geldi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-marokko gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda, şol sanda, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-yn...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda ýurduň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurt Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan sergisi açyldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Sergi ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýala...
RESMI HABAR
Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň bir t...
RUSSIÝALY USSAT PIANINOÇY ÝURIÝ BOGDANOW AŞGABATDA ÇYKYŞ ETDI
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda tanymal pianinoçy, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan artisti, Russiýanyň Gnesinler adyndaky saz akademiýasynyň professory Ýuriý Bogdanowyň ýerine ýetirmeginde Iogann Sebastýan Bahyň «Partitadan sarabandalar» eseriniň ilkinji owazlary tomaşaçylary duýgylar ummanyna atardy. Konsertde Antonio Wiwaldiniň, Rodion Şşedriniň, Friderik Şopeniň, Pýotr Çaýkowskiniň, Aleksandr Skrýabiniň, Nikolaý Rimskiý-Korsakowyň we beýleki kompozitorlary...
TÜRKMENISTANLY MUGALLYM ASTRAHANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MEKDEBINDE OKADYP BAŞLADY
Rus tarapynyň çagyrmagy esasynda 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň başynda Astrahan welaýatyna türkmen dili mugallymy Resul Şajiýew geldi, ol Astrahan welaýatynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly-Pyragy adyndaky umumy bilim berýän mekdebiniň okuwçylaryny türkmen dili dersleri boýunça okadyp başlady. Türkmen dili Astrahan welaýatynda ilkinji sapar okadylýandyr. Etnik türkmenleriniň ýaşaýan Funtowo obasynyň ýaşaýjylary bu habary uly şatlyk bilen garşyladylar. Şeýlelikde ilkinj...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE EÝRANYŇ MARY ŞÄHERINDÄKI BAŞ KONSULY BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsuly Rasul Jafari bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ugurlary dogrusynda gürrüň etdiler. Mary welaýatynyň we Horasan-e-Rezawi welaýatynyň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamyndaky we ko...