SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Antalýa şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şu ýylyň dowamynda iki ýurtda hem geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary döwlet derejesindäki duşuşyklara taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Daşary syýasat edaralaryn...
Türkmenistan we Türkiýe hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlylygyny tassykladylar
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Antalýa şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow türk tarapyny Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) üstünlikli geçirilmegi hem-de onuň ýokary derejede guralmagy bilen gutlady. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň, şeýle...
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gysga duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan özara meýillerini ýene-de bir gezek tassykladylar.
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolýan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Din Sýuesýan hytaý wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, HHR-de Türkmenistan bilen ýola goýla...
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmany mähirli mübärekläp, HHR-iň weki...
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň täze bellenilen Ilçisiniň ynanç hatyny kabul etdi
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Wonjeni kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýurdunda Türkmenistan bilen ýola goýlan ynanyşykly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa Res...
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Il...