SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatlaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde gysga söhbetdeşlik geçirildi, onuň dowamynda BMG-niň Baş sekretaryna Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň mähirli salamlary ýetirildi. Öz ge...
Türkmenistan ESCAP-yň 82-nji sessiýasynda: sebit integrasiýasynyň we howa durnuklylygynyň ileri tutulýan ugurlary
Bangkok şäherinde dowam edýän BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti esasy mowzuklaýyn ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşyp, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek we häzirki döwrüň möhüm wehimlerine garşy göreşmek boýunça milli garaýyşlaryny beýan etdi. Sessiýanyň çäklerinde geçirilen möhüm çäreleriň biri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maks...
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy: täze mümkinçilikler
2026-njy ýylyň 21-22-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde saparda boldy. Saparyň maksady Halkara gatnaşyklary instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň (Uniwersitetiniň) arasyndaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy....
Argentina Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Enrike Ignasio Ferrer Wiýeýranyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Argentinanyň Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary onuň diplomatik işi...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
Hormatly döwlet Baştutanlary! Hormatly sammite gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe Sebitleýin ekologiýa sammitini çagyrmak baradaky başlangyjy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Bu forum aýratyn möhüm waka bolup durýar. Ilkinji gezek biziň ýurtlarymyz tarapyndan iň ýokary döwlet derejesinde giňeldilen ekologiýa gün tertibi toplu...
Türkmenistanyň Prezidenti Astanada geçirilen Sebitleýin sammitde ekologiýa boýunça başlangyçlary beýan etdi
2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitine gatnaşdy. “EXPO” halkara sergiler merkezinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Ýokary derejeli duşuşyga köp sanly döwlet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy. Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylary “RES 2026 EX...
Türkmenistanyň Prezidenti Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde, günüň ikinji ýarymynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. “Akorda” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystanyň Prezidenti mähirli garşylady. Wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Prezide...