SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň BMG-nyň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMGÖM bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. 2026-2030-njy ýyllar üçin BMGÖM-iň Ýurt boýunça maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Şe...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň mejlisine göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň arasynda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdiniň tapylmagyna gönükdirildi. Özbegistan Respublikasynyň Parlamenti...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Astananyň sammite gatnaşýan ýurtl...
Türkmenistanyň DIM-de BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň ýolbaşçylygynda ministrligiň wekilleri hem gatnaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BSGG-niň arasynda ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşly...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky duşuşyga gatnaşdy
2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Moskwa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. G...
Türkmenistanyň DIM-inde Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-inde Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Miranda Faýermanyň ýolbaşçylygyndaky Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. HZG-niň wekiliýetiniň saparynyň esasy maksatlarynyň hatarynda amaly çäreleriň geçirilmegi, hususan-da, ýurduň welaýatlarynda döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik hyzmatdaşlaryň giň...
Türkmenistanyň wekiliýeti Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 17-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna (ADF-2026) gatnaşdy. Ýokary derejeli çäre Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherindäki “Nest” maslahatlar merkezinde geçirildi. Forumyň şygary – “Geljegi meýilleşdirmek, nämälimlikleri dolandyrmak”. Forumyň çäklerinde birnäçe mowzuklaýyn mejlisler geçirildi we olaryň dowamynda gat...