SOŇKY HABARLAR
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmany mähirli mübärekläp, HHR-iň weki...
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň täze bellenilen Ilçisiniň ynanç hatyny kabul etdi
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Wonjeni kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýurdunda Türkmenistan bilen ýola goýlan ynanyşykly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa Res...
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Il...
Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary Türkmenistana saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna baryp gördüler. Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wi...
Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, hytaý wekiliýetine bolsa, Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy Býurosynyň Hemişelik Komitetiniň Agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Birinji Wise-Premýeri Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi. Mejlisi açmak, tarapla...
Türkmenistanyň DIM-inde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine iň ýokary derejedäki saparlaryň möhüm itergi berýändigi bellenildi. Taraplar iki ýurduň köptaraplaýyn görnüşde hem netijeli hyzmatdaşlyk e...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) ştab-kwartirasynda agentligiň Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşyk geçirip, atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmaga degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşygyň yzysüre, bu ýerde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Gahryman Arkadagy...