SOŇKY HABARLAR
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda,...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy. Gerd Müller belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözl...
Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima bilen duşuşdy. Rabab Fatima wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň...
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen gepleşikler geçird
Awstriýa saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Awstriýanyň Federal Prezidenti iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşdüler. Dostlukly ýurduň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene bir gezek mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendig...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy
Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Forumyň geçirilýän ýeri bolan Hofburg köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maý...
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Neda Berger duşuşmaga wagt tapandygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki saparynyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda möhüm...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde Koreýa Respublikasyna amala aşyrylan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Seul şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Ýi-He Sesiliýa Çangyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarl...