RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň Gara...

DOWAMY
pic
28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ÇELÝABINSK OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksleri kabul etdi. Dostlukly ýurduň iri sebitiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy umumymilli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen mähirli gutlady we türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi. A.Teksler Tü...

DOWAMY
pic
27 Sen

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 31 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALARA GATNAŞDY

Şu gün türkmenistanlylar umumymilli ruhubelentlik we şatlyk ýagdaýynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny belleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Gündogaryň ajaýyp şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň çuň manyly goşgy setirlerinde waspy ýetirilen türkmen halkynyň garaşsyz döwlet baradaky köpasyrlyk arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl boldy. Watanymyzyň iň täze taryhy hut...

DOWAMY
pic
27 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda giňden bellenilýän Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu nurana baýram biziň her birimiziň kalbymyzda Diýarymyzyň şöhratly geçmişine hem-de häzirki bagtyýar zamanasyna buýsanjy, röwşen geljegine ynamy artdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet d...

DOWAMY
pic
26 Sen

TDHÇMB-NYŇ GELEŞIKLERIŇ UMUMY BAHASY ABŞ-NYŇ 7 MILLION 558 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini hem-de polipropileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň telekeçileri nah ýüplügi, tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümle...

DOWAMY
pic
26 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE SANKT-PETERBURG ŞÄHERINIŇ GUBERNATORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory Aleksandr Beglowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen gatnaşyklarynyň hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ösdürilýändigini nygtadylar. Hususan-da türkmen-rus gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda esasy...

DOWAMY
pic
26 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE MONTANA ŞTATYNYŇ GENERAL ADÝUTANTY BILEN HARBY MESELELER BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Montana ştatynyň General maýory, General adýutanty, Montana ştatynyň Milli gwardiýasynyň Baş serkerdesi we Montana ştatynyň Döwlet departamentiniň Harby meseleler boýunça müdiri Jon P. Hronek bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi, ABŞ-nyň Milli gwardiýa býurosy bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň arasynda Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň gaýtadan täzelen...

DOWAMY