RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “BOUYGUES” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Bouygues” kompaniýalar toparynyň Baş direktory Marten Buigi kabul etdi. Meşhur fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen mähirli gutlady we türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygy we hoşniýetli sözleri ü...

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “VINCI CONSTRUCTION GRANDS PROJETS” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Patrik Kadrini kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşyga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza we Türkmenistanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de kompaniýanyň ýolbaşçysy Aşgabada ilkinji gezek gelip görýändigini, onuň gözel keşbine haýran galandygyny belledi....

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “CIFAL” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Žil Remini kabul etdi. Işewür döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlap, ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi. Žil Reminiň belleýşi ýaly, şu baýramçylyk günlerinde Aşgabatda bolmak onda uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasatynyň Fransiýanyň, umuman, Ýewropanyň işewür toparlarynyň...

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “DRAGON OIL” KOMPANIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwany kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşykda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlady we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmana baýramçylyk çärelerine gat...

DOWAMY
pic
25 Sen

“KAMAZ” TÄZE HYZMAT EDIŞ MERKEZLERI TÜRKMEN-RUS IŞEWÜRLIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ NETIJESIDIR

Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Mary we Lebap welaýatlarynda täze desgalaryň — «KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi. Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyz boýunça halk hojalygyny senagatlaşdyrmak, şol sanda halkara ähmiýete eýe bolýan ulag ulgamyny depginli ösdürmek bilen baglanyşykly işler işjeň alnyp barylýar. Munuň özi durmuş-ykdysady ösüşleriň depgini görlüp-eşidilmedik gerime eýe bolan gurluşyklaryň...

DOWAMY
pic
25 Sen

GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY

Şu gün irden Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Saparyň maksatnamasy boýunça Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýada birnäçe duşuşyklary, şol sanda bu ýurduň Premýer-ministri, parlamentiniň wekilleri, käbir öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýada döwlet derejesinde geçiriljek matam çäresine gatnaşar. Halk Maslahat...

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MAROKKONYŇ PATYŞASYNY GUTLADY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň oňat arzuwlaryny ýollady. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga d...

DOWAMY