TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TALYPLAR TEATRYNYŇ SAHNASYNDA NUSGAWY ESERLER
Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň ikinji ýyl talyplary nusgawy drama eserleri esasynda üç oýnuň ilkinji görkezilişini geçirdiler. Nusgawy oýunlary talyplaryň özleri saýlap aldylar. Sahna oýunlaryň görkezilişine institutyň mugallymlary, dürli ýyllaryň talyplary we tomaşaçylar gatnaşdylar. Perde açylan badyna tomaşaçylaryň öňünde Aleksandr Ostrowskiniň «Düşewüntli ýer» dramasynyň gahrymanlary peýda boldy. Sahna bezeginiň soňky derejesine çenli azaldylandygy derrew...
TÜRKMENISTAN WE ÝHHG HYZMATDAŞLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR
2022-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabatda "Türkmenistan we ÝHHG: üstünlikli hyzmatdaşlyga 30 ýyl" atly maslahat geçirildi. Maslahat, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan gurnaldy. Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň, edaralaryň we guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministr...
NÝU-ÝORKDA DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÇÄRE GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) halkara ulag geçilgesi boýunça Hökümetara topary, Hökümetara ýolagçylar geňeşi we Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkezi bilen bilelikde gibrid görnüşde 2022-nji ýylyň BMG-niň Ýokary derejesindäki Syýasy forumynyň çäklerinde «Blokçein tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly global üpjünçilik zynjyryny dolandyrmagy sanlaşdyrmak» atly çäräni geçirdi. Çärän...
TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ KUBOGYNY ALMAK ÜÇIN BÄSLEŞYÄN TOPARLARYŇ DÖRDÜSI GALDY
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny almak üçin Aşgabat şäheriniň sport meýdançalarynda ýaryşyň birinji tapgyrynda iki topara bölünen dokuz klubuň futbolçylary bäsleşdiler. «A» toparda «Ahal», «Merw», «Nebitçi», «Köpetdag-2» we Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysy (U23), «B» toparda «Şagadam», «Aşgabat», «Energetik» hem-de Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U20) ýarym finala çykmak ugrunda bäsleşdiler. «A» toparda üç ýeňiş gazanyp, «Merw» bilen 0:0 hasabynda deň oýnan «Ahal» 10 utuk b...
TÜRKMEN TELEKEÇILERI BEZEG HARYTLARYNY WE LAMINAT ASTY DÜŞEGINI ÖNDÜRMÄGE BAŞLADYLAR
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän agzasy – “Eşret mahabat” hususy kärhanasy edaralaryň we binalaryň içerki hem daşarky timarlama işini amala aşyrýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat merkeziniň beren habaryna görä, “Eşret mahabat” hususy kärhanasy şu ýylyň başyndan bäri gurluşykda ulanylýan bezeg önümlerini öndürip başlady. Öňdebaryjy hytaý tehnologiýasy bilen enjamlaşdyryl...
«ÇÖLLERI ÖZLEŞDIRMEGIŇ MESELELERI» ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Indi 55 ýyl, 1967-nji ýyldan bäri Türkmenistanda «Çölleri özleşdirmegiň meseleleri» halkara ylmy-amaly žurnal neşir edilip gelinýär. Ol çölleşmä garşy göreş we gurak ýerleri özleşdirmegiň amaly tejribesi babatda ylmy barlaglaryň wajyp netijelerini beýan edýän dünýäde az sanly neşirleriň biridir. Dürli ýyllarda žurnalyň sahypalarynda özboluşly ylmy we dünýä ýurtlarynyň köpüsinden çölleri öwreniji tanymal alymlaryň ylmy-amaly makalalary çap edilipdi. ÝUNEP, GTS, BMG ÖM we FAO ýaly halkara guramala...
DURMUŞ ÄHMIÝETLI BINALARYŇ SANY ARTÝAR
Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesiniň ugrunda bina edilýän täze ýaşaýyş jaý toplumy zerur ýaşaýyş – durmuş ähmiýetli desgalaryň ählisi bilen üpjün ediler. Şu günler bu ýerde 240 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Iki gatly binanyň gurluşyk işleri «Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň hünärmenleri ýerine ýetirýäler. Binananyň içki diwarlarynyň bezeg işleri alnyp barylýar, mekdebe çenli edaranyň howlusynda tomusky telärleriň on ikisi guruldy, howlusy abadanlaşdyrylýar. Çagalar bag...