TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN TOPRAGYNDA KANOLA GÜLLEÝÄR
Ýurdumyzyň oba hojalykçylary täze döredien kanada rapsasyny – kanolany, çigidiniň turşulygy pes bolan ýag alynýan möhüm ösümligi ösdürip ýetişdirmäge başladylar. Indi Tejen etrabynyň ekin meýdanlarynda ýaşyl zolaklar bilen gezekleşýän göze ýakymly sary zolaklary-da görmek bolýar. Bu, Brassicaceae maşgalasyndan bolan açyk sary reňk bilen gülleýän ösümlik – kanola meýdanlarydyr. Kanola gorçisa maşgalasyna degişli bolan rapsadan düzüminde eruk kislotasynyň azlygy (2% - den az) bilen tapawutlanýa...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERINI GIŇELTMEK BOÝUNÇA ÖZARA MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň baştutanlygyndaky wekilýeti bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary barada özara gürrüňdeşlik etmek bilen, onuň ulgamlaýyn esasda şeýle hem, yzygiderli ösüşle...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE “TEGELEK STOL” GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BSG-nyň baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançeniň ýolbaşçylygynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekilýetiniň hem-de Türkmenistanyň BSG-na goşulmagynyň meselelerini öwrenmek boýunça döredilen Hökümet toparynyň arasynda “tegelek stol” geçirildi. Şeýle hem, bu çärä Türkmenistanda akkreditasiýa edilen daşary ýurtlarynyň diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar....
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny...
KHBS ÜÇIN HABAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigi barada habar berýär. Türkmen tarapy Özbegistan Respublikasynyň ýolbaşçylygynyň ýurtdaky konstitusion tertibiniň we kanunyň goralmagy, şeýle hem ýaşaýjylaryň howpsuzlygyny we asudalygyny goramak üçin öz wagtynda we aýgytly hereketlerini goldaýar. Halkyň köpasyrlyk paýhasy, tejribesi we öňdengörüjiligi ýaly häsiýetleri ýüze çykýan ä...
DIM-DE BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we BSG-niň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewralynda BSG-niň Baş geňeşiniň dowamynda...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ WISE-PREZIDENTINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag hatyny hem-de hormatly Prezidentimize özi...