TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-ITALÝAN IŞ TOPARYNYŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 21-nji aprelinde Medeni hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Italýan Iş toparynyň ilkinji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Gepleşikler Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde gurnaldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasarynyň baştutanlygyndaky Iş toparynyň Türkmen tarapynyň wekiliýetine durmuş-medeni pudagynyň dürli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň barşynda Italiýanyň Medeni miras, medeni gatnaşyklar we syýahatçylyk ministrli...
SÖWDA BOÝUNÇA “TEGELEK STOL” MASLAHATY
2022-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň ýanyndaky Täjirçilik hukugynyň ösüş maksatnamasy (CLDP) tarapyndan wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan “tegelek stol” maslahatynyň işine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär. Maslahatda, CLDP-niň bilermenleri elektron söwdadaky päsgelçilikleri aradan aýyrmak we elektron söwdanyň ösdürilmegi üçin zerur bolan hukuk esaslaryny döretmek boýunça halkara...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ ADYNA GUTLAG HATLARY
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň adyndan gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür hem-de iň ýokary döwlet wezipesindäki işlerinde uly üstünlikler baradaky arzuwlaryny Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Rodrigo Roa Duterte, Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Katerina Sakellaropulu, Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç,...
BEDEW BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN ATLY ÝÖRIŞ
Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda türkmen bedewiniň Milli baýramy bellenilýär. Şu bayram mynasybetli dürli çerelere badalga berildi. Şolaryň hatarynda uzak aralyga atly ýöriş geçirildi. Aşgabat-Mary ýolunyň kesgitlenen böleginde 60 kilometr menzili geçmek ugrunda badalga berlen ýaryşa Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Milli atly sport merkeziniň, Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Go...
HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ XII MEJLISI
Şu gün paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi. Däp bolşy ýaly, her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda geçirilýän bu forum arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek bilen iş salyşýan dünýä döwletleriniň atşynaslary üçin netijeli hyzmatdaşlygyň açyk meýdançasy bolup, türkmen halkynyň bahasyz gymmatlygy hem-de buýsanjy hasaplanýan behişdi bedewle...
GDA-NYŇ 30 ÝYLLYK HYZMATDAŞLYGY RESMINAMALARDA WE FOTOSURATLARDA
Türkmen ekspozisiýasy Russiýa federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Russiýanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlap gurnan fotosuratlaryň we resminamalaryň sergisiniň aýrylmaz bölegi boldy. Serginiň dabaraly açylyşy RF-nyň DIM-niň Uly binasynda GDA ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Rus...
ADAM HUKUKLARY WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşygy açyp, Pudagara toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň berjaý edilmeginiň üpjünçiligi babatynda Türkmenistan Hökümeti tarapyndan amala aşyry...