RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Apr

“MERKEZI AZIÝA – ÝAPONIÝA” FORMATYNDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ SEKIZINJI MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” formatda Daşary işler ministrleriniň sekizinji maslahaty geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Ýaponiýanyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň işjeň meselelerini ara alyp masahatlaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar halkara gün t...

DOWAMY
pic
14 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE MHG-NYŇ SEBITLEÝIN UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 14-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Nobatdaky duşuşygyň barşynda taraplar «Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy bilen bilelikde 20...

DOWAMY
pic
14 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Premýer-ministr Fumio Kisida köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň dowam etdiril...

DOWAMY
pic
13 Apr

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ GAZANANLARYNYŇ SERGISI BILEN TANYŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ösen tejribesinden ugur alnyp,...

DOWAMY
pic
13 Apr

AŞGABATDA SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ SERGISI HEM-DE MASLAHATY GEÇIRILÝÄR

2022-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabatda iri guramanyň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär.  Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejl...

DOWAMY
pic
13 Apr

TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL

2022-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty we Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary instituty bilen bilelikde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirdi. Dabaraly çäräniň işine Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň (onlaýn formatda) we Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň...

DOWAMY
pic
12 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky ýyllaryň dowamynda emele gelen köpugurly gatnaşyklaryň özara ýakynlygy bilen tapawutlanýandygyny nygtap, dost-doganlygyň we birek-birege hormat goýmagyň baý tejribesine esaslanýan bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-d...

DOWAMY