TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ FORUMY AÇYLDY
2020-nji ýylyň 17-nji martynda Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin hab...
TÜRKMENISTAN WE BMG UZAKMÖHLETLEÝIN HYZMATDAŞLYGA YGRARLYDYRLAR
2020-nji ýylyň 14-nji martynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu resminama Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda dürli ugurlar boýunça, şol sanda ykdysady durnuklylygyň we ösüşiň saklanylmagy, ilatyň durmuş hukuklarynyň goragy, saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi we ekologiki deňagramlylygynyň saklanylmagy ýaly ileri tutulýan ulg...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERI BAKUDA DÖWLETARA HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEGIŇ WE ÇUŇLAŞDYRMAGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapar bilen gitdi. Birnäçä wagtdan soňra Prezidentiň howa gämisi iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde gondy. Azerbaýjanyň paýtagtynyň howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşy aldylar. Howa menzilinden Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni Azerbaýjanyň Prezidentiniň «Zagulba» ka...
BIŞKEKDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji martynda, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler minstrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatiik akademiýasynyň binasynda, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýsaty, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň guraly” atly tegelek stoly geçirdi. Çäräniň işine Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Gyrgyz Respublikasyndaky daşary ýurt Ilçileri, halkara guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler, ýokary okuw jaýlar...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY
Şu gün, 2020-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy geçiriler, onuň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. https://www.mfa.gov.tm/tk/news/1895
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNDAN ILÇIHANALARYŇ WE HALKARA GURAMALARYŇ WEKILHANALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI GUTLAGLAR
2020-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Daşary işler ministri R.Meredow Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň Türkmenistanda işleýän ähli zenan ýolbaşçylaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady we olaryň sowgatlaryny gowşurdy hem-de olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we jogapkärçilikli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, öz gezeginde, gyzgyn gutlaglary hem-de özlerine...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ “TÄZE SÖWDA WE ÜSTAŞYR ÝOLLARDA NEŞE SERIŞDELERINIŇ BIKANUN DOLANŞYGYNYŇ ÖŇÜNI ALMAK MAKSADY BILEN MERKEZI AZIÝADA SEBITLEÝIN SERHETÜSTI HYZMATDAŞLYGY GÜÝÇLENDIRMEK” ATLY ÇÄRESI
Türkmenistanyň wekilýetiniň başlangyjy bilen BMG-niň Wena şäherindäki Neşe serişdelerine we jenaýata garşy komissiýasynyň 63-nji mejlisiniň çäginde, “Täze söwda we üstaşyr ýollarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygynyň öňüni almak maksady bilen Merkezi Aziýada sebitleýin serhetüsti hyzmatdaşlygy güýçlendirmek” atly çäre geçirildi. Bu çäre BMG-niň Neşe we jenaýata garşy müdirligi (UNODC) we Özbegistan Respublikasynyň wekilhanasy bilen bilelikde guraldy. Bu çärä 20-den gowrak BMG-niň agz...