TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
DAŞKENTDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Maslahata Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki we sebitara barlaglar institutynyň wekilleri, ýurduň Ylymlar akademiýasynyň, Taryh in...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MILLI YKDYSADYÝETIMIZI ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň we Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda serediljek meseleler barada aýdyp, ilki bilen wise-...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ KÖPÇÜLIKLEÝIN BAG EKMEK DABARASYNA TAÝÝARLYK GÖRLÜŞI HEM-DE TÄZE DESGALARYŇ BIRNÄÇESINDÄKI IŞLERIŇ ÝAGDAÝY BILEN TANYŞDY
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde döredilen ýaşyl zolaklary synlady. Milli Liderimiz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň haýyşy boýunça köpçülikleýin bag ekmek dabarasy üçin niýetlenen bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Bahar paslynyň gelmegi bilen, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän ajaýyp künjekde özboluşly gözellik emele geldi. Giň ýaýlalaryň bezegine öwrülen, hemişe gök öwüsý...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ MAROKKO PATYŞALYGYNA SAPARY
2020-nji ýylyň 4-5-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň Marokko Patyşalygyna sapary boldy. Saparyň ilkinji güni türkmen wekiliýetini Marokkonyň Premýer-ministri Saadeddin Osmani kabul etdi. Gürrüňdeşlikleriň barşynda döwletleriň ikisiniň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürm...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BRIFING
2020-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky brifing geçirildi. Brifingiň barşynda ýiti wirusly ýokanç keselleriň, hususan-da COVID-19 koronawirusynyň ýurda aralaşmagynyň öňüniň alynmagy maksady bilen Türkmenistanda durmuşa geçirilýän çäreler dogrusynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew we Türkmen...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem olaryň işini has-da kämilleşdirmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi, ministr ýyl...
BUHARA DÖWLET UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Buhara Döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli maslahat we dabaraly çäre geçirildi. Geçirilen çärä Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasynyň işgärleri, Buhara welaýat häkimliginiň wekilleri, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň Buhara welaýatyndaky konsullyk wekilhanasynyň wekilleri, Buhara welaýatyndaky ýokary okuw mekdepleriň professor-mug...