TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ILAT GAZNASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça Direktory Juliýa Waleze bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň üstünligini belläp geçdiler. Milli derejede işlenilip düzülen we amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň netijeliligi bellenilip geçildi, şeýle-de reproduktiw sa...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI GFR-NYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Germaniýanyň Federal Prezidentiniň resmi rezidensiýasy bolan «Belwýu» köşgünde Ilçi B.Rejepowyň GFR-nyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Türkmenistanyň GFR-ky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Federal Prezident bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda Ilçi GFR-nyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Türkmenistanyň Prezidenti...
ÝAPONIÝANYŇ KOBE SÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÇÄRELER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Ýaponiýanyň Kobe şäheriniň Işewürler merkezinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahata Kobe şäher häkimliginiň işgärleri, işewürleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, belli kompaniýalaryň ýokary derejeli ýolbaşçylary we Osaka şäheriniň ylym-bilim, syýahatçylyk guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Ilçisi G.Elýasow, “Kawasaki Heavy Ind.” kompaniýasynyň Pre...
MILLI LIDERIMIZ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNA BARDY
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow günorta arakesme wagtynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygy-ýygydan gelip, ynsan gylykly bedewleriň saklanyş şertleri, olary kemala getirmegiň hem-de sport ýaryşlaryna taýýarlanmagyň barşy bilen gyzyklanýar. Bu gezek döwlet Baştutanymyz Ýyldyrym atly bedew bilen birsellem gezim etdi. Behişdi bedewler milli we dünýä medeniýetiniň hakyky gymma...
ASTRAHANDA “TÜRKMENISTAN – BITARAPLYGYŇ MEKANY” ATLY TEMA BOÝUNÇA SURAT BÄSLEŞIGINIŇ JEMI JEMLENILDI
2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň Priwoložskiý etrabynyň Funtowo obasynda Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiniň 1-5-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly tema boýunça çagalaryň surat bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglama dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) gurnamagyndaky çärä Russi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «ARETI» HALKARA KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Bu halkara kompaniýalar toparynyň merkezi edara binasy Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýär. Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy nebitgaz pudagynda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere ýokary baha berip, uglewodorodlaryň ägirt uly tebigy gorlaryna eýe bo...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MILLI YKDYSADYÝETIMIZI ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz ilki bilen ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň işgärlerini, ilçileri Diplomati...