RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, dostlukly we netijeli häsiýete eýe bolan hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putini Rus...

DOWAMY
pic
18 Few

«BITARAPLYK SYÝASATY WE PARAHATÇYLYK MEDENIÝETI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHATA GATNAŞYJYLARA

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Sizi «Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän 2020-nji ýyl döwletimiziň şöhratly taryhyna aýratyn sahypa bolup girer. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy we oňa bagyşlanan dabaraly çäreler mähriban Watanymyzyň halkara abraýynyň dabaral...

DOWAMY
pic
18 Few

TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY

2020-nji ýylyň 17-18-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Tatarstan Respublikasynda boldy.    Saparyň barşynda Tatarstanyň Prezidenti R.N.Minnihanow bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmegi, şol sanda gurluşyk we senagat ulgamlarynda özarahereketleriň işjeňleşdirilmegi boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Preziden...

DOWAMY
pic
18 Few

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNINE BAGYŞLANAN YLMY-PRAKTIKI MASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2020-nji ýylda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli we Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň günine bagyşlanan “Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti” atly ylmy-praktiki maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň d...

DOWAMY
pic
17 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine döwlet durmuşynyň we paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy baradaky meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, gün...

DOWAMY
pic
17 Few

MILLI LIDERIMIZIŇ BEÝIK MAKSATLARY HALKYMYZYŇ JEBISLIGINIŇ ÖZENIDIR

Fewral Watanymyzyň iň täze taryhynda aýlaryň seresidir. 2007-nji ýylyň fewralynda halkymyz giň bäsdeşlik esasynda geçirilen ählihalk demokratik saýlawlarynyň barşynda täze pikir-garaýyşly syýasatçyny — Gurbanguly Berdimuhamedowy iň ýokary döwlet wezipesine saýlady. 2012-nji ýylyň fewralynda nobatdaky saýlawlar geçirilip, ýokary raýat işjeňligi, aç-açanlyk we aýdyňlyk ýagdaýynda halkymyz öz erk-islegini beýan etmek bilen gaýtadan saýlanan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ý...

DOWAMY
pic
17 Few

TÜRKMENISTANDA SOMALI FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jama Abdullahi Mohamedden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Jenap Jam...

DOWAMY