RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Few

TÜRKMENISTANYŇ MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen duşuşdy.      Duşuşygyň barşynda taraplar ýüze çykyp biljek wajyp migrasiýa meselelerini çözmek ugrunda Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary d...

DOWAMY
pic
17 Few

AŞGABATDA SOMALI FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI AKKREDITIRLENDI

2020-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Jama Abdullahi Muhammed bilen duşuşyk geçirildi.  Mähirli salamlaşyp, taraplar Türkmenistan bilen Somaliniň özara bähbitli dürli ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmasyny bildirdiler. Ýokary derejeli saparlaryň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndak...

DOWAMY
pic
17 Few

BITARAPLYGA BAGYŞANAN ÝANWAR AÝYNDAKY MASLAHATYŇ JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ BA-NYŇ 74-NJI SESSIÝASYNYŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BEÝAN EDILDI

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygyny belläp geçýär. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň çäginde we onuň daşynda dürli derejedäki maslahatlar, forumlar, sergiler guralýar.   Şunuň bilen baglylyk-da, şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda “Türkmenistan  we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy...

DOWAMY
pic
17 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANYP SPORT ÝARYŞLAR GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 15-16-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda billiard, 400 metr aralyga ylgamak we basketbol boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu şanly sene Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2009-njy ýylda döredildi. Bu ýyl ýurdumyz şanly senäni, ýagny özüniň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyll...

DOWAMY
pic
15 Few

2019-NJY ÝYLDA ÝURDUMYZDA IŇ GOWY DIÝLIP YGLAN EDILEN GÖKDEPE ETRABYNYŇ ÝAŞAÝJYLARYNA

Hormatly dabara gatnaşyjylar! Hormatly adamlar! Men şu günki şatlykly waka — geçen, 2019-njy ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady hem-de medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan we bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligine bir million amerikan dollary möçberde pul baýragynyň gowşurylmagy bilen sizi we etrabyň ähli ilatyny tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň ähli welaýatlarydyr etraplarynda bolşy ýaly, biz Gökdepe et...

DOWAMY
pic
15 Few

STAMBULDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky Bаş kоnsullugy (Stаmbul şäheri) Stambul häkimliginiň medeniýet merkezi bilеn bilеlikdе Topkapy medeniýet parkynyň edаrа binаsyndа Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli tegelek stol geçirdi.  Tegelek stola Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Bаş kоnsullygynyň işgärleri, Medeniýet merkeziniň wekilleri, Türkiýäniň jemgyýetçilik we...

DOWAMY
pic
15 Few

ÝURDUMYZYŇ IŇ GOWY ETRABYNA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAÝRAGY GOWŞURYLDY

Şu gün Yzgant obasynda 2019-njy ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Gökdepe etrabyna mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputatlary, welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de welaýatyň köp sanly ilaty gatnaşdy. Iň gowy e...

DOWAMY