SOŇKY HABARLAR
ÝTÖB-NIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory j-p Nil Makkeýniň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara forumlarynda ÝTÖB-niň wekilleriniň işjeň gatnaşýandyklary üçin türkmen tarapy öz minnetdarlygyny aýtdy. Soňra, taraplar Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasynda işjeň hyzmatdaşlygynyň...
TÜRKMENISTANYŇ ULAG BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingde Türkmenistanyň Daşary işler ministri we Awtomobil ulaglary ministri, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekreta...
AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen gelen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto De Prettonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň IRU bilen takyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmeklik işindäki ähmi...
TÜRKMENISTANDA LAPIS LAZULI HALKARA MASLAHATY GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Owganystan Yslam Respublikasy, Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy, Gruziýa we Türkiýe Respublikasynyň arasynda gol çekildi. Bu Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän halka...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ “ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA” ATLY 14-NJI MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili hanym F.Mogerininiň derejesindäki 14-nji ministrler duşuşygyna gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma döredýän, şol sanda ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatn...
WENADA TÜRKMEN-AWSTRIÝA JEMGYÝETINIŇ 10 ÝYLLYGY BELLENILDI
2018-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň 10 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy bu jemgyýet bilen bilelikde döredijilik agşamyny geçirdi. Çäräniň hormatly myhmanlary hökmünde Awstriýanyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri, Wenada şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň wekilleri, bu ýurduň işewürleri, Wena diplomatik akademiýasyny...
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ MAÝK-NIŇ ÖŇDEBARYJY NEŞIRLERINE BAGYŞLANAN TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Aşgabatda ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň (MAÝK) dürli jemgyýetleriň integrasiýasy babatynda Lýublýana teklipleri boýunça neşirlerine bagyşlanan tegelek stoluň başynda duşuşyk geçirildi. Bu çäräniň işine ÝHHG-niň MAÝK-niň wekiliýet agzalary, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, degişli institutlarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar...