SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA ÝOKARY DEREJEDÄKI TÜRKMEN-AZERBAÝJAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň çäginde iki ýurduň ýolbaşçylary türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de, halkara we sebit gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplaryň aýratyn ünsi Türkmenistanyň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝHHG-NIŇ ÝOKARY KOMISSARYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary jenap Lamberto Zanniýeri kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de ýüzbe-ýüz duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy a...
ÝEWROPA BILELEŞIGI - MERKEZI AZIÝA: GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ TÄZE STRATEGIÝASY
23-nji noýabrda Brýusselde Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler. Bu waka bäş ýurdy – Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany hem-de Özbegistany birleşdirýän sebit boýunça Ýewropa Bileleşiginiň täze strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagyna bagyşlanan gepleşikleriň, mejlisleriň we beýleki çäreleriň tapgyrynda möhüm sepgit bolar. Ministrler duşuşygynyň öň ýanynda bu döwletlere wekilçilik edýän žurnalistler üç...
AŞGABATDA ILAT GAZNASYNYŇ ÄHLUMUMY HASABATYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda BMG-niň Ilat gaznasynyň “Saýlamak hukugynyň güýji: köpelmäge hukuklar we demografiýa çemeleşmesi” ady bilen Ählumumy hasabat — 2018-iň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilleri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýyl Ählumumy hasabat...
DÜNÝÄNIŇ NEBITGAZ BAZARYNYŇ ÖSÜŞ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün paýtagtymyzda geçýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018” forumyň çäklerinde mowzuklaýyn maslahatyň jemleýji güni boldy. Oňa Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, BAE-niň, Malaýziýanyň we Ýewropanyň, Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de GDA-nyň ýurtlarynyň döwlet düzümleriniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, nebitgaz we hyzmatlar kompaniýalarynyň, iri abraýly guramalaryň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar be...
TÄZE ELEKTRIK BEKETLERI ÝURDUMYZYŇ KUWWATYNY ARTDYRÝAR
Şu gün Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megewat bolan täze gazturbinaly elektrik bekediniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamynyň kuwwatlyklary we onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak şol syýasatyň wajyp ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda pudagyň düzüminiň üsti birnäçe gazturbinaly elektrik beketler bilen ýetirildi. Şeýle toplumlar Ah...
AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTINIŇ SAPARY DOWAM EDÝÄR
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi sapary dowam edýär. Türkmenistana saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy we “Baky şöhrat” ýadygärligine gül desselerini goýdy. Soňra Prezident Ylham Aliýew paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýine bardy. Şeýle hem ol ýerlerde belent mertebeli myhman üçin ýörite tanyşdyryş dabarasy gurnaldy....